Gwa­te­ma­la Res­pub­li­ka­sy Mer­ke­zi Ame­ri­ka­da ýer­leş­ýän döw­let­dir. Ýur­duň gü­nor­ta-gün­do­ga­ry Sal­wa­dor, gün­do­ga­ry Gon­du­ras, de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ry Be­liz we de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ry hem Mek­si­ka bi­len ser­het­leş­ýär. Gün­do­ga­ry­ny Ka­rib deň­zi, gü­nor­ta­sy­ny bol­sa, Ýu­waş um­ma­ny ýuw­ýar.
“Gwa­te­ma­la” sö­zi ga­dy­my in­deý sö­zi “Cuauhtēmallān”-dan ge­lip çy­kyp, “agaç­la­ryň köp ös­ýän ýe­ri” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Gwa­te­ma­la Pre­zi­dent Res­pub­li­ka­sy bo­lup, ýur­duň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na gö­rä, döw­le­tiň we hö­kü­me­tiň baş­tu­ta­ny Pre­zi­dent­dir. Res­pub­li­ka­nyň bir pa­la­ta­ly Kong­re­si ýo­ka­ry ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra bo­lup, onuň 160 we­ki­li bar. Ýur­duň do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri 22 ter­ri­to­ri­al ok­ru­ga bö­lün­ýär.
Ýur­duň oba ho­ja­ly­gyn­da ila­tyň 50%-i (je­mi içer­ki önü­miň 14%-i), se­na­ga­tyn­da 15%-i (je­mi içer­ki önü­miň 25%-i), hyz­mat­lar ul­ga­myn­da bol­sa, 35%-i (je­mi içer­ki önü­miň 61%-i) iş­le­ýär.
2017-nji ýy­lyň ha­sa­ba­ty­na gö­rä, mil­li gir­de­ji­si 68,2 mil­liard dol­la­ra, ila­tyň jan ba­şy­na düş­ýän je­mi içer­ki önü­mi, sa­tyn aly­jy­lyk uky­by 4,47 müň dol­la­ra deň bo­lup­dyr. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy öze­ni­ni oba ho­ja­ly­gy düz­ýär. Gwa­te­ma­la iri ko­fe ön­dü­ri­ji ýurt­la­ryň on­lu­gy­na gi­rip, ko­fe ha­sy­ly­nyň deň ýa­ry ABŞ-a eks­port edil­ýär.
Ýurt, esa­san, ba­nan, ko­fe, şe­ker, pal­ma ýa­gy, mi­we we gök önüm­le­ri eks­port edip, ABŞ, Sal­wa­dor, Gon­du­ras, Ka­na­da we Ni­ka­ra­gua esa­sy sa­tyn aly­jy ýurt­lar­dyr. Şeý­le hem ýurt ýan­gyç, ulag we trans­port se­riş­de­le­ri­ni, gur­lu­şyk ha­ryt­la­ry­ny, dä­ne, dö­kün we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny im­port edip, ABŞ, Mek­si­ka, Hy­taý, Sal­wa­dor we Kos­ta-Ri­ka ýa­ly ýurt­lar esa­sy üp­jün edi­ji­ler­dir.
Res­mi di­li is­pan di­li bo­lan bu ýurt 1821-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da Is­pa­ni­ýa­dan ga­raş­syz­ly­gy­ny al­ýar. 2013-nji ýy­lyň ha­sa­ba­ty­na gö­rä ýur­duň ila­ty 14 373 472 ada­ma ba­ra­bar­dyr.