Panamanyň Parlamenti bir gezek ulanylýan plastik paketlere gadagançylyk girizmek hakyndaky kanun taslamasyny makullady. – Bu çäre ýurtda bu materialyň ulanylyşyny 20% azaltmaga mümkinçilik berer. Bu Merkezi Amerikada ilkinji şeýle kanun taslamasydyr. Bu ädim, onçakly uly däl. Plastik paketleriň önümçiligi çakdanaşa uly we daşky gurşawa düýpli zeper ýetirýär. Şonuň üçin biz bu ugurda has köp kanunlary işläp düzmegimizi dowam etdireris – diýip, täze düzgüniň başyny başlan wekilleriň birisi mälim etdi.
Heniz doly güýje girmedik kanun taslamasy plastik paketleriň ýerine onuň deregini tutup biljek karton, mata we beýlekiler ýaly arassa materiallary ulanmaga gönükdirilendir. Parlamentiň wekilleri polietilen haltajyklaryň 400 ýyldan gowrak wagtdan dargaýandygyny, şol bir wagtyň özünde bolsa, biopaketleriň 25-30 ýyldan dargaýandygyny ýatlap geçdiler. Tassyklanylan kanun taslamasyna laýyklykda, supermarketler, dermanhanalar we uly bolmadyk dükanlar kanun güýje girenden soň, 12 aýyň dowamynda täze düzgüne uýgunlaşmalydyrlar. Şeýle hem, uly dükanlara we söwda merkezlerine uýgunlaşmak üçin 24 aý möhlet berilýär. Bu ädim ekologiýa boýunça hünärmenleriň arasynda giň goldaw tapdy.
Panama şeýle kanun taslamasyny kabul edip, Merkezi Amerikada polietilen paketlere gadagançylyk girizen ilkinji ýurt boldy. Şeýle çäre eýýäm, Ispaniýa, Irlandiýa we Fransiýa ýaly Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde, şeýle hem Latyn Amerika ýurtlarynyň arasynda Kolumbiýada girizildi. BMG-niň maglumatlaryna görä, her ýylda 8 million tonna plastika deňizlere taşlanyp, bu ýagdaý 2050-nji ýyla çenli dowam etse, onda ummanlarda plastikanyň balyklardan hem köp boljakdygy öňe sürülýär.