Polietilen paketler, esasan, bir gezek ulanylyp, olaryň ulanylyşy ortaça 20 minuta çekýär, soňra bolsa, hapa dökülýän gaplara zyňylýar. Olaryň doly dargamagy uzak döwre çekip, ekologiýa ýaramaz täsirini ýetirýär. “Wengriýadaky suwlaryň plastik galyndylar bilen hapalananlygy üçin hökümetiň şu mesele boýunça zerur çäreleri kabul etmegine wagt ýetdi” diýlip, 1971-njii ýylda Kanadada döredilen hökümete degişli bolmadyk, garaşsyz, halkara ekologiýa guramasy “Greenpeace”-iň bilermenleriniň hasabatynda mälim edilýär.
Hasabatda 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Wengriýada bir gezek ulanylyp taşlanylýan plastik paketlere çäklendirme girizmek we geljekde doly gadagan etmek teklip edilýär. “Greenpeace” bu çäreleri daşky gurşawyň plastik paketler bilen hapalanmagyny çäklendirmek boýunça tagallalaryň çäklerinde amala aşyrmagy teklip edýär.
Mundan ozal, Rumyniýa şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, bir gezek ulanylyp taşlanýan plastik paketlere gadagançylyk girizdi, Hindistan bolsa, 2022-nji ýyldan gadagançylyk girizmegi meýilleşdirýär. Bu gadagançylyk Fransiýada köp ýyldan bäri dowam edip gelýär. Indi gezek Wengriýanyňky diýip, “Greenpeace” guramasynyň bilermenleri hasaplaýar.
Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş, tokaýlaryň geriminiň azalmagy, balyklaryň çendenaşa köp tutulmagy, läheň awlaýjy senagat, radiasiýa howpy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi, tebigy gorlary aýap saklamak, daşky gurşawyň howply himiki maddalar bilen hapalanmagy, durnukly oba hojalygy we Arktikany goramak “Greenpeace” guramasynyň baş maksady bolup durýar.
2015-nji ýylyň hasabatynda görä, “Greenpeace” guramasynyň dünýä boýunça köp sanly onlaýn-agzalary, 15 müň işjeň meýletinçisi bolup, müňlerçe adam hem guramanyň işiniň ilerlemegi üçin şahsy haýyr-yhsan ýardamyny berýän eken.
Tebigy turbajyklar
öndürilýär
Bretanly fransuz fermerleri Ýewropa Bileleşiginde basym gadagan ediljek plastik turbajyklaryň deregine onuň organik görnüşini oýlap tapdylar. Şu ýyl Iw Debrok we onuň aýaly Gael tebigy turbajyklary ýasamak maksady bilen çowdary ösümligini ösdürip ýetişdirýärler. Olar bu ýyl ilkinji hasylyny aldylar.
– Içgi içmek üçin niýetlenen dürli ölçeglerdäki bu turbajçyklary ýasamak onçakly kyn däl. Göni düwünjiginiň gutaran ýerinden kesäýmeli. Özboluşly bolan bu turbajyklar el bilen işlenilip bejerilýär – diýip, fermer Iw Debrok aýdýar.
20 sotka meýdandan içgi içmek üçin niýetlenen 1 millondan gowrak baldak hasylyny alyp bolýar. Bu baldajyklaryň biologik taýdan dargamaga ukyplylygy, köp gezek ulanyp bolýanlygy, sowuga we yssa durnuklylygy olaryň esasy aýratynlygy bolup durýar. Häzirki wagtda garbanyşhanalarda, myhmanhanalarda ulanylýan fermer turbajyklaryny azyk dükanlaryndan hem tapyp bolýar. Olaryň bahasy hem elýeterli bolup, barha uly meşhurlyga eýe bolýarlar.
2021-nji ýyldan başlap, Ýewropa Bileleşiginde plastik turbajyklar gadagan ediler. Pariždäki kompaniýalaryň biri gamyşdan we bambukdan alternatiw turbajyklary öndürip başlady. Olar garbanyşhanalar we azyk senagaty dükanlary üçin niýetlenendir.