Saý­law­la­ra taý­ýar­lyk. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da 28-nji sent­ýabr­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Saýlawlara dalaşgär hökmünde ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Aş­raf Ga­ni bi­len bir ha­tar­da dalaşgärleriň ýe­ne-de 18 sanysy bu iri sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­si­ne gat­naş­ýar. Saý­la­wlaryň esa­sy da­laş­gär­le­rin­den ýe­ne-de bi­ri ýur­duň hä­zir­ki Prem­ýer-mi­nist­ri Ab­dul­la Ab­dul­la­dyr. 9 mil­li­on­dan gow­rak saý­law­çy 7 müň saý­law ok­ru­gyn­da ses be­rer­ler. Saý­law­la­ryň res­mi däl ne­ti­je­le­ri 19-njy okt­ýabr­da, ahyr­ky ne­ti­je­le­ri bolsa 7-nji no­ýabr­da bel­li bolar.

Bin­ýa­min Ne­tan­ýa­hu­nyň sa­pa­ry. Ys­ra­ýyl döw­le­ti­niň Prem­ýer-mi­nist­ri Bin­ýa­min Ne­tan­ýa­hu şu hep­dä­niň do­wa­myn­da Uk­rai­na­da sa­par­da bol­dy. Onuň ýur­duň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Ze­lens­kiý bi­len iki sa­ga­da çe­ken iki­çäk du­şu­şy­gyndan soň bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Şol res­mi­na­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky er­kin söw­da zo­la­gy­ny gi­ňel­tmek we oňa hyz­mat pu­da­gy­ny goş­mak ha­kyn­da yla­la­şyk hem bar.

Saýlawlara dalaşgärlik. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp 2020-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek saý­law­lar­da ýe­ne-de özüniň hä­zir­ki orun­ba­sa­ry Maýk Pens bi­len gat­naş­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ol Maýk Pen­siň örän go­wy wi­se-pre­zi­den­tdigi­ni bel­le­di. Hä­zir­lik­çe Tram­pyň öz Res­pub­li­kan­lar par­ti­ýa­syn­dan oňa bäs­deş bo­lup bil­jek gar­şy­da­şy ýok.

Es­ger­ler üçin mugt. Ger­ma­ni­ýa­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­na de­mir ýol ulag­la­ryn­da mugt gat­na­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Bu ba­bat­da ýur­duň hö­kü­me­ti bi­len de­mir­ ýol gat­naw­la­ry­ny ama­la aşyr­ýan “Deutsche Bahn” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da de­giş­li yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Tä­ze düz­gün 2020-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan güý­je gi­rer. Ger­ma­ni­ýa­nyň Ýa­rag­ly güýç­le­ri­niň (Bun­des­wer) we­kil­le­ri gul­luk hem-de şah­sy mak­sat­la­ry üçin ot­ly hyz­mat­la­ryn­dan mugt peý­da­la­nar­lar. Ýö­ne har­by iş­gär­ler ot­lu­la­ryň ikin­ji kla­syn­da mugt gi­dip bi­ler­ler. Bi­rin­ji klas üçin bolsa goş­ma­ça tö­leg et­me­li bo­lar­lar. Bu baş­lan­gyç ýur­duň tä­ze go­ran­mak mi­nist­ri Anng­ret Kramp-Kar­ren­baue­re de­giş­li­dir. Bun­des­wer her ýyl “Deutsche Bahn” kom­pa­ni­ýa­sy­na 400 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de se­riş­de gö­nük­di­rer.

Bon­duň sa­ga­dy sa­tyl­ýar. Jeýms Bond film­le­ri­niň baş gah­ry­ma­ny­nyň ulanan go­şar sa­ga­dy sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. “Ro­lex Sub­ma­ri­ner 6538” sa­ga­dy­nyň baş­lan­gyç ba­ha­sy 160 müň dol­la­ra deň­dir. Bu aň­taw ki­no­la­ry­nyň il­kin­ji­si bo­lan “Dok­tor Nou” fil­min­de Jeýms Bon­duň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ren akt­ýor Şon Kon­ne­ri­niň ulanan “Ro­lex Sub­ma­ri­ner 6538” sa­ga­dy 1958-nji ýyl­da ön­dü­ri­lip, onuň azyn­dan 280 müň dol­la­ra sa­tyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Iň ýyn­dam we­lo­si­ped­çi. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ra­ýa­ty Nil Kemp­bell Ýer şa­ry­nyň iň ýyn­dam we­lo­si­ped­çi­si bol­dy. Ol welosiped bi­len sa­gat­da 280 ki­lo­metr­lik tiz­li­ge ýet­me­gi ba­şar­dy. Ýö­ri­te gur­na­lan welosiped bi­len sy­nag Ang­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky ho­wa men­zi­li­niň uçuş zo­la­gyn­da ge­çi­ril­di. Şeý­le ne­ti­jä­ni ga­zan­mak üçin ýö­ri­te aw­tou­lag we­lo­si­ped­çi­niň öňün­den gi­dip, ho­wa­ny gy­ra­deň ýaý­ra­dyp, öňün­den gel­ýän şe­ma­lyň tä­si­ri­ni azald­ýar.

Buz­luk bi­len hoş­la­şyk. Is­lan­di­ýa­da 700 ýy­lyň do­wa­myn­da Ýer şa­ryn­dan ýi­tip gi­den Og­ýo­kudl buz­lu­gy bi­len hoş­la­şyk da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Bu buz­luk 2014-nji ýyl­da res­mi taý­dan öz­baş­dak he­re­ket et­me­gi­ni bes et­di. Hoş­la­şyk da­ba­ra­sy­na ýur­duň Prem­ýer-mi­nist­ri we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­ri gat­naş­dy. Hö­kü­me­tiň baş­ly­gy Kat­rin Ýa­kobs­do­ut­tir wul­ka­nyň ýap­gyt­ly­gy­na çy­kyp, şol ýer­de “Og­ýo­kudl – Is­lan­di­ýa­nyň il­kin­ji buz­luk de­re­je­si­ne ýi­ti­ren buz­lu­gy” diý­lip ýa­zy­lan ýa­dy­gär­lik tag­ta­sy­ny oturt­dy. ABŞ-nyň Kos­mos agent­li­gi­niň (NA­SA) mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 1901-nji ýyl­da buz­lu­gyň tut­ýan umu­my meý­da­ny 15 ine­dör­dül ki­lo­met­re deň­di. Hä­zir ol bir ine­dör­dül ki­lo­metr­den hem az.

Ro­bot­la­ryň bü­tin­dün­ýä ser­gi­si. Hy­ta­ýyň paý­tag­ty Pe­kin­de ro­bot­la­ryň bü­tin­dün­ýä ser­gi­si ge­çi­ril­di. 5-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu ser­gä ro­bot önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan 650-den gow­rak kom­pa­ni­ýa özü­niň tä­ze nus­ga­la­ry­ny gör­kez­di. Bu ýer­de kö­mek­çi ro­bot­lar, ro­bot oý­na­waç­lar, ro­bot haý­wan­lar we beý­le­ki­ler bar. 5 gü­nüň do­wa­myn­da bu ser­gä 800 müň­den gow­rak adam ge­lip gör­di.