ÝUNESKO dürli medeniýetleriň, ynanç-ygtykatlaryň we taryhy eýýamlaryň bütindünýä medeniýetine ýetiren täsirini göz öňünde tutup, olary degişli sanawa goşýar.
Golaýda geçirilen maslahatda ýene 29 sany ýer bu sanawa goşuldy. Şeýlelikde, sanawdaky ýerleriň sany 1211-e ýetdi. Sanawa 55 tebigy we medeni gymmatlygy girizilen Hytaý we Italiýa öňdeligi eýeleýär. Häzire çenli jemi 167 ýurtdan onlarça ýadygärlik, şol sanda biziň ýurdumyzdan üç gymmatlyk bu sanawa girizildi. Olaryň 869 sanysy medeni, 213 sanysy tebigy we 39 sanysy dürli aýratynlykly ýerlerdir. Bu ýyldaky sanawa goşulan ýerleriň arasynda Hytaýdaky göçegçi guşlaryň ýollary, Italiýanyň Prosekko depelerindäki üzüm baglary, Birleşen Patyşalykdaky Jodrell Bank obserwatoriýasy ýaly ýerler bar. ÝUNESKO şeýle sanawy taýýarlamak bilen bu gymmatly ýerlere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Adamzadyň umumy gymmatlygy hasaplanýan bu ýerler planetamyzyň taryhynyň baýdygyny we tebigatynyň köpdürlüdigini görkezýär. Syýahatçylyk neşirleri sanawa girizilen täze ýerler barada giňişleýin maglumat berýär. Olaryň käbiri barada gysgaça maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris.
Şeki Han köşgi: Taryhda esasy söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşýän Azerbaýjanyň Şeki şäherindäki bu bina 1700-nji ýyllarda ýüpek söwdasynyň näderejede ösendigini görkezýär. Bina binagärlik babatda reňkli penjireleri bilen tapawutlanýar.
Jaýpur: “Gülgüne şäher” diýlip atlandyrylýan Hindistanyň bu şäheri gurluşy we binagärligi babatda tapawutlanýar. 1729-njy ýylda esaslandyrylan Jaýpuryň Hawa Mahal we Birla Mandir ýaly binalary reňkli diwarlary bilen jahankeşdeleri özüne çekýär.
Watnaýýokýudl milli seýilgähi: Çäginde on sany wulkan bolan bu sebit Islandiýanyň meýdanynyň 14 göterimini tutýar. Bu ýerde buzluklaryň içindäki gowaklar, jülgeler we beýleki tebigy gözellikler jahankeşdeleri özüne bendi edýär.
Daş gaplar: Laosyň demirgazygyndaky düz meýdandaky 2 müňden gowrak daş gaplar gaty irki döwürlerde ýasalypdyr. Olar miladydan ozalky 500-nji ýyllarda döredilipdir. Bu taryhy eserler adamzadyň şol döwürlerdäki ýaşaýşy barada hem maglumat berýär.
Bagan: Mýanmanyň mukaddes hasaplanýan düzlükleri buddizmiň sungat we binagärliginiň iň naýbaşy nusgalaryny özünde jemleýär. IX asyrdan XIII asyra çenli Pagan imperiýasynyň paýtagty bolan Baganda 10 müňden gowrak buthana bolup, olaryň 2 müňden gowragy häzire çenli saklanyp galypdyr. Bu gözellik Günüň dogýan wagty has hem owadan bolup görünýär.
Prosekko depeleri: Italýan bagbanlarynyň ýüzlerçe ýyldan bäri ösdürip ýetişdirýän üzüm baglary ajaýyp gözel görnüşi emele getirýär. Depeleriň eteklerindäki baglygyň arasynda kiçeňräk obalar hem bar.
Atçylyk merkezi: Çeh Respublikasynyň Pardubis ülkesinde 440 ýyldan bäri ýörite atlar ösdürilip ýetişdirilýär. Kladruber atly bu atlar ýörite dabaralarda we ýörişlerde münülýär. Kladrubi nad labem şäherçesiniň ilaty atçylyk bilen meşgullanýar.