Uçar bi­len sy­ýa­hat et­me­gi ha­la­ýar­lar. Ger­ma­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry uçar bi­len sy­ýa­hat et­me­gi ha­la­ýar­lar. Şo­nuň üçin olar uça­ra iň köp mün­ýän halk hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Şu ýy­lyň ýan­war-iýun aý­la­ry ara­ly­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň 59 mil­lio­ny uçar bi­len ge­ze­lenç et­di­. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­re­niň­de 4 gö­te­rim köp­dür. Ger­ma­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry uçar bi­len goň­şy ýurt­la­ry­na has köp ge­ze­lenç ed­ýär­ler.
Plas­ti­ka­dan öndürilen sa­gat. 24-26-njy aw­gust ara­ly­gyn­da Fran­si­ýa­nyň Bi­ar­ri­s şä­he­rin­de “Uly 7-li­giň” (G7) sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Oňa Fran­si­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, ABŞ-nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Ka­na­da­nyň we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron da­şa­ry ýurt­ly döw­let ýol­baş­çy­la­ry­na de­ňiz­den ýygnalan we gaý­ta­dan iş­le­ni­len plas­ti­ka­dan ýa­sa­lan go­şar sa­ga­dy­ny sow­gat ber­di. Bu öz­bo­luş­ly sow­gat sam­mi­tiň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan ple­nar mej­lis­de ýol­baş­çy­la­ryň otur­ýan sto­lu­na go­ýul­dy.
Tä­ze paý­tagt gur­lar. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, In­do­ne­zi­ýa tä­ze paý­tagt şä­he­ri­ni gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Jo­ko Wi­do­do mil­li te­le­ýaý­lym­da çy­kyş edip, tä­ze paý­tag­tyň Ka­li­man­tan ada­sy­nyň gü­nor­ta-gün­do­gar bö­le­gin­de dö­re­dil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. 2021-nji ýyl­da esa­sy gur­lu­şyk iş­le­ri­ne gi­ri­şi­lip, 2024-nji ýyl­da ýur­duň hö­kü­me­ti tä­ze paý­tag­tda işe baş­lar. Mu­nuň üçin 33 mil­liard dol­lar sarp edi­ler. Mu­nuň 19 gö­te­ri­mi döw­let ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ri­ler. Ga­lan bö­le­gi bol­sa, döw­let-hu­su­sy pu­dak hyz­mat­daş­ly­gy hem-de hu­su­sy ma­ýa go­ýum­la­ryň ha­sa­by­na ama­la aşy­ry­lar. Ýur­duň hä­zir­ki paý­tag­ty Ja­kar­ta­da 10 mil­li­on­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar. Şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik bol­man­dy­gy üçin tä­ze paý­tagt şä­he­ri­ni dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­dy.
Ro­bot älem gi­ňiş­li­gi­ne çyk­dy. “So­ýuz MS-14” atly kos­mo­s gä­mi­si Rus­si­ýa­nyň Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­dä­ki mo­du­ly­na üs­tün­lik­li bir­leş­di. Älem gä­mi­si bi­len 670 ki­log­ram gu­ry ýük äki­dil­di. Ola­ryň ara­syn­da luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry, dur­muş üçin ze­rur ha­ryt­lar we kos­mos be­ke­din­dä­ki­ler üçin ze­rur azyk önüm­le­ri bar. 30 ýy­lyň için­de il­kin­ji ge­zek “So­ýuz” älem gä­mi­sin­de kos­mo­nawt ýok­dy. Bu ge­zek “Feo­dor” at­ly ro­bot-kos­mo­nawt öz uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy.
Du­ba­ýyň sy­ýa­hat­çy­lyk gör­ke­zi­ji­le­ri. Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­ri 2019-njy ýy­lyň 7 aýyn­da 9,5 mil­li­on sy­ýa­hat­çyny ka­bul et­di. De­giş­li dö­wür­de bu şä­he­re iň köp sy­ýa­hat­çy Hin­dis­tan­dan (1,23 mln sy­ýa­hat­çy) gel­di. Şeý­le hem Sa­ud Ara­bys­ta­ny hem-de Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ra­ýat­la­ry hem ja­han­keş­de­lik üçin Du­ba­ýy saý­la­dy­lar. Ýan­war-iýul aý­la­ry ara­ly­gyn­da şä­he­riň myh­man­ha­na otag­la­ry­nyň do­lu­ly­gy 74 gö­te­ri­me deň bol­dy, otag­la­ryň or­ta­ça ba­ha­sy 442 dir­he­me (120 dol­lar) deň­dir.
Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Öz­be­gis­tan­da par­la­ment saý­law­la­ry şu ýy­lyň 22-nji de­kab­ryn­da ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem şol gün we­la­ýat, şä­her we et­rap ge­ňeş­le­ri­niň ag­za­la­ry hem saý­la­nar. Saý­law­la­ra ýurt­da ha­sa­ba al­nan 5 sy­ýa­sy par­ti­ýa öz da­laş­gär­le­ri­ni hö­dür­lär. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­da “Mil­liý tik­la­niş” de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy, Halk-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy, Te­le­ke­çi­ler we işe­wür­ler he­re­ke­ti, Li­be­ral-de­mo­kar­tik par­ti­ýa­sy, “Ado­lat” so­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy we Eko­lo­gi­ýa par­ti­ýa­sy he­re­ket ed­ýär.
Ne­bit önüm­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dy­rar. Ga­za­gys­tan 2024-nji ýyl­da ne­bit önüm­çi­li­gi­ni 100 mil­li­on ton­na çy­kar­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ugur­da­ky önüm­çi­li­gi Ten­giz, Ka­ra­ça­ga­nak, Ka­şa­gan we beý­le­ki de­ňiz ýal­pak­lyk­la­ryn­da­ky ýa­tak­la­ry öz­leş­dir­mek ar­ka­ly has ýo­ka­ry de­re­je­le­re ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ga­za­gys­tan­ly ne­bit­çi­ler öňü­miz­dä­ki ýyl üçin 90 mil­li­on ton­na ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gy öňün­de mak­sat edip goý­du­lar.
58 mil­li­on dol­lar­lyk eks­port. Şu ýy­lyň ýan­war-iýul aý­la­ry ara­ly­gyn­da Tä­ji­gis­tan goň­şy döw­let­le­ri­ne 58 mil­li­on dol­lar möç­be­rin­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny eks­port et­di. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 6 aýyn­da da­şa­ry ýurt ba­za­ry­na eks­port edi­len elek­trik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­be­ri 1 mil­liard 257 mil­li­on kWt/s-a deň bol­dy. 2018-nji ýyl­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 2,4 mil­liard kWt/s-y da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na ibe­ri­lip­dir. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň eks­por­tun­dan 77 mil­li­on dol­lar gir­de­ji ga­za­nyl­dy.