1-2-nji no­ýabr­da Öz­be­gis­tan­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Onuň bar­şyn­da ŞHG-ä ag­za ýurt­la­ryň hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry 2035-nji ýy­la çen­li köp ta­rap­ly söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk mak­sat­na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ni tas­syk­la­dy­lar.

Mas­la­hat­da söw­da, ma­ýa go­ýum­la­ry, ulag we lo­gis­ti­ka, se­na­gat, daş­ky gur­şaw, oba ho­ja­ly­gy, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy, in­no­wa­si­ýa we eko­lo­gi­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mas­la­ha­tyň ahy­ryn­da Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry dür­li res­mi­na­ma­la­ryň 14-si­ne gol çek­di­ler. Mas­la­ha­ta ŞHG-de syn­çy de­re­je­si bo­lan Ow­ga­nys­tan, Be­la­rus, Mon­go­li­ýa we Eý­ran döw­let­le­ri­niň we­kil­le­ri hem gat­naş­dy­lar.

2001-nji ýyl­da dö­re­di­len Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy (ŞHG) – dün­ýä­niň iň iri bi­le­le­şik­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu bi­le­le­şi­ge Hy­taý, Rus­si­ýa, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­z Res­pub­li­ka­sy, Tä­ji­gis­tan, Öz­be­gis­tan, Hin­dis­tan we Pa­kis­tan gir­ýär. Ow­ga­nys­tan, Be­la­rus, Eý­ran we Mon­go­li­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň syn­çy de­re­je­si bo­lup, Azer­baý­jan, Er­me­nis­tan, Kam­bo­ja, Ne­pal, Tür­ki­ýe we Şri-Lan­ka gep­le­şik bo­ýun­ça hyz­mat­daş ýurt­lar bo­lup dur­ýar.

ŞHG-ä gir­ýän ýurt­la­ryň umu­my meý­da­ny 34 mil­li­on kwad­rat ki­lo­metr­den gow­rak­dyr. Bu bü­tin Ýew­ra­zi­ýa­nyň 60 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar­dyr. Bi­le­le­şi­gi düz­ýän ýurt­lar­da je­mi 3 mil­liard­dan gow­rak adam ýa­şa­ýar. Bu Ýer to­ga­la­gy­nyň ila­ty­nyň ýa­ry­na deň­dir.