Belgiýa kömürturşy gazynyň howa zyňylmagynyň öňüni almak maksady bilen wodorod importunyň mümkinçiliklerine garaýar. Energiýa we deňiz pudagyna degişli iri kompaniýalar täze barlaglara girişip, olaryň maksady wodorodyň uly möçberli importuny näderejede amala aşyryp boljakdygyny anyklamakdyr.
– Biz gelejekde nebite derek, uly möçberde wodorod import edip bileris – diýip, Belgiýanyň ykdysadyýet ministrliginde habar berdiler.
Wodorodyň importy 2050-nji ýyla çenli meýilleşdirilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmaga gönükdirilen meýilleri amala aşyrmakda bu ýurda ägirt uly möçberde ýardam berer. Belgiýa 2050-nji ýyla çenli CO2-niň howa zyňylmagyny azaltmak baradaky borçnamany öz üstüne aldy. Wodorod ulaglarda hem-de ýylylyk elektrik stansiýalarynda energiýa çeşmesi hökmünde gazylyp alynýan ýangyjyň deregini tutup bilýär. Şeýle hem wodorody daşamak howply däl.
Belgiýanyň ykdysadyýet ministrligindäki çeşme häzirki wagtda ýurduň Zebrýugge we Antwerpen portlaryndaky işleýän ýedi sany iri kompaniýa ilkinjileriň hatarynda, wodoroda geçmegi meýilleşdirýändigini, şeýle-de wodorody daşamaga, öndürmäge we saklamaga aýratyn üns gönükdirýändigini habar berdi.
Zebrýugge köp wagtdan bäri ýeliň güýji bilen alynýan energiýany öndürmek boýunça sebit merkezi bolup durýar. Bu ýerde eýýäm arassa çeşmelerden elektrik energiýasyny öndürýän taýýar infrastruktura we tehnologiýa, şeýle hem wodorod transport infrastrukturasyna aňsat öwrüp boljak tebigy gaz üçin niýetlenen turba geçirijiler bar.
Belli bolşuna görä, wodorod açyk tebigatda elýeterli däl, ýöne ony elektrik toguny ulanmak bilen suwy wodoroda we kisloroda dargatmak arkaly alyp bolýar. Eger-de bu energiýa Gün energiýasy ýa-da ýel turbinalary ýaly arassa çeşmeler bilen öndürilýän bolsa, onda ony “ýaşyl wodorod” diýip atlandyryp bolardy. – Belgiýada ýeterlik derejede ýel ýa-da güneş bolmanlygy üçin, biz Çili ýa-da Oman ýaly alternatiw energiýa çeşmelerine baý ýurtlardan wodorod import etmek mümkinçiliklerine garaýarys – diýip, Belgiýanyň ykdysadyýet ministrliginde habar berdiler.
Häzirki wagtda Germaniýa, Beýik Britaniýa, Niderlandlar, Belgiýa we Awstriýa ýaly ýurtlarda wodorod ulanmak meýilleşdirilýär. Wodorod himiki birleşme görnüşinde bolup, onuň köp bölegi dünýä ummanynda saklanýar. Bu element daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, transport serişdelerinde dizeliň, ýyladyş üçin tebigy gazyň hem-de metallurgiýa zawodynda ulanylýan kömrüň deregini tutýar.