Is­pa­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Mad­rid­de dün­ýä­niň äh­li döw­let­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da howanyň öz­ger­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga ba­gyş­la­nan mas­la­hat (COP25) ge­çi­ril­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýan “He­re­ket et­me­giň wag­ty” şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýän maslahatda, daş­ky gur­şaw bi­len bag­ly gaý­ra­go­ýul­ma­syz me­se­le­le­ri tiz­den-tiz çöz­me­k mak­sat edinil­ýär.
Mas­la­ha­ta Çi­li­niň Daş­ky gur­şaw mi­nist­ri Ka­ro­li­na Şmidt ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. Ol mas­la­ha­tyň açy­ly­şyn­da eden çy­ky­şyn­da dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wa de­giş­li me­se­le­ler bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýan­dyk­la­ry­ny, ola­ry çöz­mek üçin halk­la­ry bir­leş­dir­ýän gym­mat­lyk­la­ra ýüz tut­ul­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy. Ol “He­re­ket et­me­giň wag­ty­nyň” di­ňe bir şy­gar däl, şol bir wag­tyň özün­de yk­dy­sa­dy, jem­gy­ýet­çi­lik we ah­lak taý­dan jo­gap­kär­çi­li­gi bo­lan ze­rur­lyk­dy­gy­ny aýt­dy. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş bol­sa, ho­wa­nyň öz­ger­me­gi­ni tog­tat­mak üçin has köp ta­gal­la edil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Ol glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň di­kel­dip bol­ma­jak de­re­jä ýet­me­gi­niň uzak­da däl­di­gi­ni, te­bi­gat bi­len sö­weş­me­gi bes et­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Baş sek­re­ta­r glo­bal ýy­ly ho­wa­nyň we de­ňiz de­re­je­sin­dä­ki ar­ty­şyň soň­ky 5 ýyl­da re­kord de­re­jä ýe­ten­di­gi­ni, um­man­la­ryň ha­pa­lan­ýan­dy­gy­ny we buz­luk­la­ryň ere­ýän­di­gi­ni, gu­ry ýer­dä­ki we de­ňiz­ler­dä­ki köp­dür­lü­li­giň howp as­tyn­da­dy­gy­ny, gu­rak­ly­gyň we te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň kö­pel­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
2-13-nji de­kabr ara­ly­gyn­da do­wam ed­ýän mas­la­hat­da 2015-nji ýyl­da gol çe­ki­len Pa­riž Yla­la­şy­gyn­da hö­kü­met­le­riň öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na gaý­ta­dan ga­ra­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2015-nji ýy­lyň ahy­ryn­da Fran­si­ýa­nyň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da ho­wa­nyň öz­ger­me­gi­niň öňü­ni al­mak üçin her bäş ýy­l üçin ýe­ri­ne ýe­tir­me­li iş­le­riň çar­çu­wa­sy kes­git­le­nip­di. Pa­riž Yla­la­şy­gy glo­bal ýy­ly­lyk ar­ty­şy­nyň se­na­gat­laş­ma­dan ozal­ky dö­wür bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2 de­re­jä­niň aşa­gyn­da sak­la­ma­gy mak­sat edin­ýär.
2015-nji ýyl­da­ky yla­la­şy­ga gö­rä, her ýurt ho­wa goý­be­ril­ýän ga­zy azalt­ma­ga de­giş­li mak­sat kes­git­läp, ony her bäş ýyl­dan bir ge­zek göz­den ge­çi­ril­me­gi we tä­ze­len­me­gi göz öňün­de tu­tu­lyp­dy. Bu glo­bal çä­rä dür­li ugur­lar­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bir ha­tar­da, ma­li­ýe eda­ra­la­ry hem gol­daw ber­ýär. Hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar has aras­sa ýan­gyç­dan peý­da­lan­ýan ulag­dyr beý­le­ki ma­şyn­la­ry ön­dür­mä­ge üns ber­ýän bol­sa­lar, bank-ma­li­ýe eda­ra­la­ry daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­ly ha­sap­lan­ýan kö­mür we beý­le­ki ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ma­li­ýe­leş­dir­me­gi bes ed­ýär. Şeý­le hem, hö­kü­met­ler we ýer­li hä­ki­mi­ýet­ler in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra gol­daw be­rip, ho­wa­ny ha­pa­la­ýan önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny we ulag­la­ry çäk­len­dir­ýär.
Ho­wa­nyň öz­ger­me­gi­niň öňü­ni al­mak hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry­nyň esa­sy jo­gap­kär­çi­lik­le­ri­niň bi­ri bo­lup, bu me­se­le bi­len gö­reş 1980-nji ýyl­la­ryň ahy­ryn­da baş­la­dy. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bu ugur­da­ky il­kin­ji yla­la­şy­gy 1992-nji ýyl­da ga­zan­dy. 1997-nji ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da Kio­to Pro­to­ko­ly dö­re­dil­di. BMG hem-de beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­lar gat­naw we önüm­çi­lik se­bäp­li ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň azal­dyl­ma­gy üçin de­giş­li ka­nun­çy­ly­gy taý­ýar­la­ma­ga go­şant goş­ýar­lar şeý­le hem aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni hö­wes­len­dir­ýär.