Su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zyň söw­da­sy 2020-nji ýy­lyň ahy­ry­na çen­li tur­ba­ ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly ak­dy­ryl­ýan ga­zyň söw­da­syn­dan öňe ge­çer diý­lip ga­ra­şyl­ýar. Bu ba­ra­da Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka agent­li­gi­niň “World Ener­gy Out­lo­ok” at­ly sy­nyn­da mä­lim edil­ýär.

– Azi­ýa­nyň ösüp bar­ýan ýurt­la­ry su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň gör­ke­zi­ji­si­niň ösü­şi bo­ýun­ça öň­de­li­gi eýe­lär. Ýan­gy­ja bo­lan is­le­giň art­ma­gy, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­za hem-de tur­ba ge­çi­ri­ji­ler ul­ga­my­na ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň art­ma­gy­na se­bäp bo­lar. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, Azi­ýa­da ga­zyň ula­nyl­ma­gy­nyň 70 gö­te­ri­me çen­li art­ma­gy­na, esa­san, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň im­por­ty se­bäp bol­ýar. Em­ma ba­ha­sy dur­nuk­syz bo­lan su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň dün­ýä ba­zar­la­ryn­da­ky bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy, onuň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar – di­ýlip, Hal­ka­ra ener­gi­ýa agent­li­gi­niň sy­nyn­da bel­le­nil­ýär.

Şeý­le hem, ener­gi­ýa­nyň al­ter­na­tiw çeş­me­le­ri­niň ozal­dan ula­ny­lyp gel­ýän ýan­gyç­lar bi­len bäs­leş­jek­di­gi­ni Hal­ka­ra ener­gi­ýa agent­li­gi mä­lim ed­ýär. Su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy ga­zyň söw­da­sy­nyň möç­be­ri 2030-njy ýy­la çen­li 70 gö­te­rim, ýag­ny, 2018-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 598 mil­liard kub­met­re çen­li ar­tar. 2040-njy ýy­la çen­li ýe­ne-de 22 gö­te­rim, ýag­ny, 729 mil­liard kub­met­re çen­li ar­tar.

Tur­ba­ ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly ak­dy­ryl­ýan ga­zyň sa­tu­wy­nyň muk­da­ry 2030-njy ýy­la çen­li 21 gö­te­ri­me, ýag­ny, 528 mil­liard kub­met­re çen­li ar­tar, 2040-njy ýy­la çen­li – ýe­ne-de 4 gö­te­rim, 549 mil­liard kub­met­re çen­li ar­tar. Tur­ba­ ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly ak­dy­ryl­ýan ga­zyň sa­tu­wy­nyň ösü­şi­ne Hy­taý we Ýew­ro­pa ýar­dam be­rer diý­lip ga­ra­şyl­ýar.