Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­ny BMG-niň dü­zü­mi­ne goş­mak ha­kyn­da ka­rar ka­bul et­di. Bu ba­ra­da BMG-niň Tä­ze­lik­ler mer­ke­zi ha­bar ber­ýär.
—Bu bi­ziň üçin örän şat­lyk­ly ha­bar. Bu ka­ra­ryň BMG-ä ag­za döw­let­le­riň mig­ra­si­ýa me­se­le­si­ne has köp üns ber­me­gi­ne go­şant go­şar. Bu şat­lyk­ly se­ne di­ňe bi­ziň gu­ra­ma­myz üçin ta­ry­hy gün bol­man, eý­sem, BMG üçin hem, bos­gun­lar üçin hem şan­ly se­ne­le­riň bi­ri bol­dy – di­ýip, Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň Baş mü­di­ri Uil­ýam Leý­si Swing gür­rüň ber­ýär.
Mig­ra­si­ýa bo­ýun­ça hal­ka­ra gu­ra­ma­syn­da 9,5 müň hü­när­men zäh­met çek­ýär we onuň tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça 450-ä go­laý we­ki­li bar. Ol 1941-1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­dan soň­ra bos­gun­la­ryň me­se­le­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik et­mek üçin dö­re­dil­di. XXI asyr­da gu­ra­ma­nyň işi has-da kö­pe­lip, di­ňe ge­çen ýyl 20 mil­li­on ada­ma kö­mek ber­di.
1992-nji ýyl­da gu­ra­ma BMG-niň ýa­nyn­da syn­çy de­re­je­si be­ril­di. 1996-njy ýyl­da iki gu­ra­ma­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Hä­zir bol­sa, bu hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­kit­mek üçin de­giş­li çöz­güt ka­bul edil­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry Pan Gi Mu­nuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da yla­la­şy­gyň tas­la­ma­sy taý­ýar­lan­dy. Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan yla­la­şy­ga gol çek­mek gal­dy. Baş sek­re­tar yla­la­şy­ga gol çe­ker we ol şu ýy­lyň 19-njy sent­ýab­ryn­da Nýu-Ýork şä­he­rin­de bos­gun­la­ryň me­se­le­si bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li ýyg­na­gyň çä­gin­de do­ly güý­je gi­rer.