ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň 9-14-nji dekabr aralygynda geçiren 14-nji mejlisiniň barşynda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawynyň üstüni onlarça maddy däl medeni miras doldurdy.
Nepis türkmen halylarynyň we haly önümleriniň dokalyş tärleri bu sanawa girizildi. Halynyň dizaýny onuň ýurduň haýsy ýerinde dokalandygyny beýan edýän gadymdan gelýän özboluşly gölleri bilen tapawutlanýar diýlip, sanawda bellenilýär. Mundan başga-da, ermeni ýazuwy we onuň medeniýetde şöhlelendirilmesi, şeýle hem, gyrgyzlaryň başgaby – Ak galpagyň taýýarlanyş we geýliş däbi girizildi. Mongoliýada baýtal süýdünden taýýarlanan aýragyň öküz derisinden ýasalan “kookor” atly gapda uýadylyşynyň ozaldan gelýän tärleri sanawa girizildi. Aýrak taýýarlamak üçin gönezlik goşulan baýtal süýdi “kookorda” ýaýylýar. Aýrak ýokumly içgi bolup, mongollaryň iýmit sanawynda esasy önümdir. Onuň taýýarlanyş däpleri birnäçe ýüzýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar.
ÝUNESKO-nyň täze sanawyna Fransiýanyň, Italiýanyň hem-de Şweýsariýanyň çäklerindäki Alp daglaryna çykmagyň çylşyrymly tilsimleri – alpinizm girizildi. Şeýle hem Komitetiň agzalary keramikanyň ýüzüne çekilen ukrain nagyşlaryny sanawa girizdiler. Dürli nagyşlar bilen zynatlanan, toýundan edilen önümler taryhy, durmuşy, däp-dessurlary we ynanç-ygtykatlary beýan edýär. Mundan başga-da, komitetiň mejlisiniň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň teklibi bilen halk-saz guraly – dutaryň ýasalyşy we onuň ýerine ýetirijilik sungaty adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Şeýle hem guramanyň bilermenleri Özbegistanda nesilden-nesle geçip gelýän gadymy Horezm tansy – lazgini köptaraply gymmatlyk hökmünde ykrar etdiler. Şeýle hem, belaruslaryň “Ýuraýski karagod” atly bahar däp-dessurlary maddy däl medeni mirasyň sanawyna girizildi. Gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan tai massažy hem ÝUNESKO-nyň sanawyna goşuldy. Tai massažy gadymdan gelýän lukmançylyk ylmynyň bir bölegi hasaplanýar. Tailandly lukmanlar onuň inçe tilsimlerini 2500 ýyl mundan ozal işläp düzüpdirler.
Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna, esasan, dilden aýdylýan dessanlar, aýdyjylyk we ýerine ýetirijilik sungaty, däp-dessurlar, urp-adatlar, baýramçylyklar, tebigat we daşky gurşaw bilen bagly gadymdan gelýän bilimler we endikler, däp-dessura öwrülen senetler girýär.