16-njy ýanwarda Russiýanyň döwlet Dumasy ýurduň Federal salgyt gullugynyň başlygy Mihail Mişustiniň Russiýanyň Premýer-ministri wezipesine dalaşgärligini tassyklady. Açyk ses berlişikde onuň dalaşgärligine 383 wekil (85%) ses berip, diňe 41 deputat ses bermekden saklandy. “Ýedinaýa Rossiýa” we “Sprawedliwaýa Rossiýa” partiýalarynyň wekilleri Mişustiniň dalaşgärligini biragyzdan makulladylar.
Mundan ozal hökümete ýolbaşçylyk eden Dmitriý Medwedew ýurduň Prezidentiniň Konstitusiýa üýtgeşiklik girizmek baradaky teklibine salgylanyp, Ministrler Kabinetiniň ähli agzalarynyň işinden çekiljekdigini mälim etdi. Şondan soňra Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin täze Premýer-ministr wezipesine Mihail Mişustini dalaşgär görkezip, ony döwlet Dumasynyň garamagyna hödürledi.
Mihail Mişustin 1966-njy ýylyň 3-nji martynda Moskwada doguldy. Ol 1989-njy ýylda Moskwanyň döwlet tehnologiýa uniwersiteti – Stankini tamamlaýar. 1998-nji ýylda döwlet işine çekilip, Döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýär. 1999-njy ýyldan 2004-nji ýyla çenli salgyt we ýygym boýunça ministriň orunbasary, soňra bolsa, Gozgalmaýan emlägi bellige almak boýunça Federal agentligiň ýolbaşçysy bolýar.
Mihail Mişustin 2007-2008-nji ýyllarda Aýratyn ykdysady zolaklary dolandyrmak boýunça Federal agentlige ýolbaşçylyk edýär. Ol 2008-nji ýylyň martynda bolsa, “UFG Asset Management” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bolýar. Mişustin 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinden bäri Federal salgyt gullugyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Onuň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan tehnologik çözgütler, salgytlary tölemegiň usullaryny has-da ýeňilleşdirdi. Salgyt gullugynyň saýtynda onlarça elektron hyzmatlar işleýär. Oňa 23 milliondan gowrak adam bellige alnyp, olaryň ýarym milliondan gowragy telekeçiler, 200 müňden gowragy hem kompaniýalardan ybaratdyr. Hyzmatlar ähli salgyt meselelerini “onlaýn” arkaly çözmäge mümkinçilik berýär.
Täze Premýer-ministr – ykdysady ylymlaryň doktory, IV derejeli “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” Hormat nyşanynyň eýesidir.