“Efiopiýanyň beýik galkynyşlary” atly iri gidroelektrik bekedi ýurduň çäklerinden geçýän Gök Nil derýasynda gurulýar. Nil ägirt uly Afrika derýasy bolup, özüniň goşantlary bilen birlikde, dünýäniň ägirt uly derýa ulgamyny emele getirýär. Nil hem-de onuň goşantlary Efiopiýanyň, Sudanyň, Günorta Sudanyň, Müsüriň çäklerinden akyp geçip, az bölegi bolsa, Ruanda, Burundi, Uganda, Keniýa, Tanzaniýa we Kongo ýaly ýurtlaryň içinden akyp geçýär. Bu ýurtlaryň ykdysady abadançylygy köplenç bu derýanyň suwuna bagly bolup durýar. Bu baglylyk, esasan hem, Müsürde has-da ýiti duýulýar. Çünki Nil derýasy ümmülmez Sahara çölüniň gündogar çetlerini kesip geçip, agyz suwunyň ýeke-täk çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Bu gidroelektrik bekedi Efiopiýanyň günbataryndaky Binişangul-Guzuz sebitinde ýerleşip, Sudanyň araçägine ýakyndyr. Sudanyň çäklerindäki Gök Nilde eýýäm iki GEB bar. Efiopiýanyň GEB-iniň ähli turbinalary işe girizilenden soňra, ol Afrika yklymynda iň iri desga bolup, onuň taslama kuwwaty 6,45 GWt-den ybarat bolar. Häzirki wagtda Efiopiýanyň çäklerindäki işlenip çykarylýan 2GWt-ni nazara alanymyzda, onda gurluşygy tamamlanyp barýan taslamanyň hakykatdan hem, ýurduň ykdysady galkynyşlaryna we gülläp ösüşlerine hyzmat etjekdigine şübhelenmeseň bolar. Ýöne belli bolşuna görä, onuň howdanyny doldurmaga ep-esli suw gerek bolup, ol suw birnäçe ýylyň dowamynda Gök Nilden alnar. Bu suw howdanynyň umumy sygymynyň 74-79 kub kilometre deň boljakdygy aýdylýar.
Nil derýasy gadym zamanlarda bolşy ýaly, häzirki günlerde hem Afrikanyň demirgazyk-gündogaryndaky oturymly halkyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir. Müsüriň, Günorta Sudanyň we Sudanyň ilatynyň köp bölegi Niliň we onuň goşantlarynyň hasylly jülgelerinde ýaşaýarlar.
Efiopiýa 2011-nji ýylda bu ägirt uly taslamany amala aşyrmaga girişdi. Adamzadyň beýik derýasy bolan Niliň kenarlarynda uzak geçmişde birnäçe siwilizasiýalar döräpdir we ozalkylary ýaly Afrika halklarynyň gülläp ösüşiniň ojagy hasaplanýar. Bu elektrik bekedi işe girizilenden soňra, Efiopiýa Afrikada iri energiýa eksport ediji ýurtlaryň birine öwrüler.
Gündogar Afrikada ýerleşýän Efiopiýa Respublikasynda 100 milliondan gowrak ilat ýaşaýar. Efiopiýa Afrika yklymynda ilat sany boýunça Nigeriýadan soňra, ikinji orunda durup, deňze çykalgasy ýok. Ýurduň paýtagty Addis-Abeba şäheri bolup, onda 3 million töweregi adam ýaşaýar.