Dünýäniň köp ýurtlary, sebitleri we şäherleri öz öňlerinde şeýle maksatnamany goýdular. Dubaý hem şeýle şäherleriň biridir. Dubaýyň halkara aeroporty we onuň töweregindäki söwda we myhmanhanalar toplumynda her ýylda 90 million ýolagçy myhman bolýar. Bu ýolagçylaryň 5,5 müň tonna plastik galyndylaryny goýup gidýändigi belli boldy. Emele gelen ýagdaý özgerişlik geçirmäge sebäp bolup, täze ýyldan başlap, howa menziliniň terminallarynda bir gezek ulanylýan plastikadan edilen önümler gadagan edildi. Çarşak, içgi içmek üçin turbajyklar, bulgurlar we paketler bu ýerdäki kafelerden we dükanlardan aýrylmaly edildi.
– Biziň hyzmatdaşlarymyzyň 95 göterimi plastikany aýyrmaga we jemgyýetçilik iýmiti pudagyna we bölekleýin satuwa laýyk gelýän alternatiwany hödürlemäge borçlandyryldy – diýip, Dubaýyň Halkara aeroportunyň wise-prezidenti Ýujin Barri gürrüň berdi.
– Iri transport merkeziniň tejribesi beýleki ýük daşaýan we söwda ulgamynyň ýolbaşçylaryny hem şeýle ädim ätmäge höweslendirýär. Häzirki wagtda “McDonald’s”, “Costa Coffee”, “Prêt à Manger” ýaly biziň halkara hyzmatdaşlarymyz we “Tree House” we “Transee” ýaly käbir ýerli brendlerimiz plastikany ekologik taýdan arassa alternatiwalara çalyşýarlar. Bu durnukly iş tejribesine alyp barýan uzak ýolda ilkinji ädimdir – diýip, Ýujin Barri sözüniň üstüne goşdy.
Howa menziliniň yzysüre Dubaýyň 700 myhmanhanasy biri-biriniň yzyndan öz stollaryndan plastik gaplary çüýşe gaplar bilen çalyşýarlar. Otaglaryň açarlaryna dakylýan plastik kartlar hem geçmişde galyp, agaçdan edilen görnüşleri bilen çalşyrylýar.
“Avani Middle East” önümçilik toparynyň direktory Peter Awram şeýle gürrüň berdi: – Hususy pudaklar plastikanyň zyýany bilen göreşde öňdebaryjylaryň hatarynda durýar. Häzir biz iki ýyl bäri alternatiw tehnologiýany, esasan hem, gaplamak boýunça kämilleşýäris. Mysal üçin, biz ýer almasyny ýatladýan köki miweli ösümlikleri gaýtadan işläp, tebigy paket öndürýäris. Biziň birnäçe iri müşderimiz bolup, olar biziň gaplarymyzy satuwda ulanmak üçin alýarlar. Olaryň arasynda “Virgin Megastore” hem bar. Biz plastik paketleri ulanmagy iki esse azaltmagyň hötdesinden geldik. Bu bolsa, biziň kompaniýamyz, galyberse-de ählumumy iş üçin has-da bähbitlidir.
Dünýäde her ýylda
300 million tonna plastika önümleri öndürilýär. Daşky gurşaw üçin zyýanly galyndylar bilen göreş, adatça, plastmassanyň ulanylyşyny çäklendirmek bilen başlaýar.