Wodorod dünýäde giňden ýaýran elementleriň biri bolup, arassa energiýa doly geçmek umydy hem şonuň bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli wodorod tehnologiýasy Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýangyç ätiýaçlyklarynyň dörtden bir bölegini kanagatlandyrar. Olar 42 million awtoulagy, bir ýarym milliondan gowrak ýük ulagyny we 250 müň awtobusy ýangyç bilen üpjün etmäge ýeterlik bolar.
Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde ýerleşýän “PowerCell Sweden” kompaniýasy täze enjamlary ornaşdyrmak arkaly wodorod ykdysadyýeti eýýamyna başlamaga golaýlaşýar. Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alnan wodorody ulanmak kompaniýanyň hünärmenleriniň esasy maksady bolup durýar. – Wodorod häzirki wagtda köp sanly energetika meselelerini çözýär. Biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiz oňat netijeleri berýär. Basym biziň daşky gurşawy goramak baradaky tagallalarymyzda wodorod ýangyjy aýratyn ähmiýete eýe bolar – diýip, kompaniýany esaslandyryjy Per Ekdunge aýdýar.
Ýewropa Bileleşigi wodorodyň mümkinçiliklerini doly ulanmak maksady bilen möhüm syýasy kararlary we maýa goýumlaryny talap edýän alty strategik ugrunyň sanawyny düzdi. Bu pudagyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan, wodorod ykdysadyýeti üçin infrastrukturany ýaýbaňlandyrmagyň ýeňil bolmadyk meseleleriň biri bolup durýandygyny bilermenler belleýärler.
Häzirki wagtda Ýaponiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa, Niderlandlar, Belgiýa we Awstriýa ýaly ýurtlarda wodorod ulanmak meýilleşdirilýär. Wodorod himiki birleşme görnüşinde bolup, onuň köp bölegi dünýä ummanynda saklanýar. Bu element daşky gurşawy goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup, transport serişdelerinde dizeliň, ýyladyş üçin tebigy gazyň hem-de metallurgiýa zawodlarynda ulanylýan kömrüň deregini tutýar.