10-njy few­ral­da ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da­ky Ka­na­we­ral bur­nun­da ýer­leş­ýän kos­mod­rom­dan “So­lar Or­bi­ter” aw­to­mat kos­mos en­ja­my “At­las V” gö­te­ri­ji ra­ke­ta ar­ka­ly Gü­ne ta­rap ugur al­dy. Zon­duň Gü­ne ug­ra­dyl­ma­gy NA­SA bi­len hyz­mat­daş­lyk­da Ýew­ro­pa kos­mos agent­li­gi­niň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lyp, oňa 20 ýyl taý­ýar­lyk gö­rül­di. Tä­ze ibe­ri­len en­ja­myň baş mak­sa­dy Gü­nüň pol­ýus­la­ry, Gün mad­da­la­ry­nyň ýü­ze çy­ky­şy, onuň zar­ýad­la­nan bö­le­jik­le­ri, Gün ýel­le­ri, Gün iş­jeň­li­gi­niň 11 ýyl­lyk aý­la­wy ba­ra­da­ky ýü­ze çyk­ýan so­wal­la­ra jo­gap ag­tar­mak­dyr.

– Gü­nüň Ze­min bi­len öza­ra bag­la­ny­şy­gy ba­ra­da bi­ziň has köp zat bil­me­gi­miz ze­rur­dyr. Biz he­niz Gü­nüň ne­neň­si iş­le­ýän­di­gi ba­ra­da ju­da az bil­ýä­ris. Biz “So­lar Or­bi­ter”-e ber­ki­di­len en­jam­la­ryň kö­me­gi bi­len bu ba­ra­da has köp zat­la­ry öw­re­ne­ris – di­ýip, Ýew­ro­pa­nyň kos­mos agent­li­gi­niň yl­my tas­la­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­sy Maýk Hi­li aýd­ýar.

“So­lar Or­bi­ter” on­lar­ça en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Ola­ryň bi­ri hem, ba­ha­sy 100 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan go­şa te­les­kop bo­lup, ol Gü­nüň üst­ki gat­la­gy­nyň mag­nit meý­da­ny­ny öw­ren­mek­de ula­ny­lar. Bu zond ys­sy ge­çir­me­ýän gat­lak bi­len ör­tü­lip, ol has ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ne gar­şy dur­ma­ga hem ukyp­ly­dyr. Me­ýil­na­ma gö­rä, bu en­jam şu ma­ha­la çen­li uçu­ry­lan is­len­dik Gün zon­du­na ga­ra­nyň­da, Gü­ne has ýa­kyn ba­rar.

– Biz Gü­ne 42 mil­li­on ki­lo­metr go­laý bar­ýa­rys, ol ýer­de gyz­gyn­lyk 600 de­re­jä ýet­ýär. Şo­ňa gö­rä, biz zon­dy Gün­den go­ra­ma­ly. Zon­duň da­şy­na ör­tü­len gyz­gyn­lyk ge­çir­me­ýän gat­lak ony uçu­şy­nyň bü­tin do­wa­myn­da go­rap sak­lar. Mu­nuň üçin on­da al­ty pen­ji­re ýa-da wen­til­ýa­si­ýa yş­la­ry bar – di­ýip, “So­lar Or­bi­ter” tas­la­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ýan Wol­ters aýd­ýar.