Ýurtda 3-nji fewralda Prezident wezipesine dalaşgärleriň deslapky saýlawlary, 11-nji fewralda bolsa, deslapky saýlawlaryň ikinji tapgyry başlady. Demokratik partiýadan 11 dalaşgär gatnaşyp, olaryň arasynda, esasan, Wermont ştatynyň senatory Berni Sanders, ozalky wise-premýer Jo Baýden hem-de Massaçusetsiň senatory Elizabet Worren öňe saýlanýar.
Respublikaçylar tarapyndan teklip edilýän üç dalaşgäriň arasyndan bolsa, häzirki Prezident Donald Tramp uly tapawut bilen öňe saýlanýar.
Prezidentlige bäsleşik Aýowa we Nýu-Gempşir ştatlaryndan başlady. 3-nji martda geçiriljek “Esasy sişenbe” diýlip atlandyrylýan saýlawlar iň möhüm waka bolup, ol ýurduň Alabama, Arkanzas, Kaliforniýa, Kolorado, Jorjiýa, Massaçusets, Minnesota, Demirgazyk Karolina, Men, Oklahoma, Tennessi, Tehas, Wermont we Wirjiniýa ýaly 14 ştatynda bir wagtda geçirilýär.
Esasy bäsdeşlik, esasan, demokratik partiýanyň dalaşgärleriniň arasynda bolup geçýär. Bilermenleriň pikirine görä, Berni Sanders Aýowa ştatynda geçirilen saýlawlarda öňde bolsa-da, tutuş ýurt boýunça öz bäsdeşi Jo Baýdenden öňe geçip bilmeýär. Berni Sandersiň maksatnamasy tölegsiz ýokary bilim, aýlyk haklaryny artdyrmak, tölegsiz lukmançylyk ätiýaçlandyryşy ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar.
ABŞ-da 3-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawlary ýurduň taryhynda döwlet baştutanynyň 59-njy saýlawydyr. Demokratlar 13-16-njy iýulda geçiriljek partiýanyň maslahatynda, respublikaçylar bolsa, 24-27-nji awgustda geçiriljek partiýanyň maslahatynda öz dalaşgärlerini gutarnykly mälim ederler.
ABŞ-da şu ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriljek Prezident saýlawlarynyň deslapky tapgyrlary has ir başlap, bu kampaniýa 9 aýlap dowam edýär. Däp boýunça 1972-nji ýyldan bäri ilkinji ses berlişikler Aýowa ştatynda geçirilýär. Häzir Prezident Donald Trampa bäsdeş bolup biljek demokratlar belli bolýarlar.