Kai­riň Uly Mü­sür mu­ze­ýi (al-Mat­haf al-Mis­ri al-Ka­bir) ýa-da Gi­za mu­ze­ýi­niň açy­ly­şy üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýär. 50 gek­tar meý­da­ny eýe­le­ýän mu­zeý­de müň­ler­çe eks­po­nat ýer­leş­di­ri­lýär. Bu ýe­re ge­lip gör­ýän­ler 1922-nji ýyl­da ýü­ze çy­ka­ry­lan Tu­tan­ha­mo­nyň aram­gä­hin­den ta­py­lan äh­li ha­zy­na­ny ýa­kyn­dan syn­lap bi­ler­ler. Bu Fa­ra­on tä­ze şa­ly­gyň XVIII di­nas­ti­ýa­sy­na de­giş­li bo­lup, 3 müň ýyl mun­dan öň, Mü­sü­ri do­lan­dy­ryp­dyr.

Bu ýer­de Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça ýa­pon agent­li­gi­niň hü­när­men­le­ri Kai­riň Uly Mü­sür mu­ze­ýin­de ar­te­fakt­la­ry or­naş­dy­ryş iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. 2008-nji ýyl­da tas­la­ma go­şu­ly­şan ýa­pon hü­när­men­le­ri mu­zeý iş­le­ri bo­ýun­ça mü­sür­li kär­deş­le­ri­ne tä­lim ber­ýär­ler. Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bo­ýun­ça ýa­pon agent­li­gi­niň we­kil­le­ri tas­la­ma di­ňe bir ta­ry­hy-me­de­ni äh­mi­ýe­ti bo­ýun­ça däl-de, eý­sem onuň ge­l­jek­ki yk­dy­sa­dy ugur­la­ry­ny hem göz öňün­de tut­ýar­lar. Ola­ryň aýt­ma­gy­na gö­rä, Af­ri­ka yk­ly­myn­da şu­nuň ýa­ly tu­tuş bir me­de­ni­ýe­te ba­gyş­la­nan iri mu­ze­ýiň açyl­ma­gy Mü­sü­re gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň has-da art­ma­gy­na ýar­dam be­rer.

Ba­ha­sy 1 mil­liard dol­la­ra ba­ra­bar bo­lan mu­zeý Gi­za pi­ra­mi­da­sy­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Mu­ze­ýiň gur­lu­şy­gy baş­la­maz­dan ozal, dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan ýüz­ler­çe tas­la­ma ge­lip go­wuş­dy. Ola­ryň ara­syn­dan Ir­lan­di­ýa­nyň “He­neg­han Peng” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tas­la­ma­sy iň naý­ba­şy­sy ha­sap­la­nyp, saý­la­nyp alyn­dy. Mu­ze­ýiň gi­rel­ge­si­niň öňün­de Mü­sür fa­rao­ny Ram­sesiň 3200 ýyl mun­dan ozal ýa­sa­lan 11 metr­lik heý­ke­li­niň di­kel­dil­en­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Bu mu­ze­ýe ýyl­da 5 mil­li­on tö­we­re­gi ada­myň ge­le­ri­ne ga­ra­şyl­ýar. Gi­za pi­ra­mi­da­sy­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän bu mu­ze­ýiň tö­we­re­gin­de 28 dü­kan, 10 gar­ba­nyş­ha­na, kong­res mer­ke­zi, myh­man­ha­na we se­ýil­gäh bo­lar.