Norwegiýa plastik gaplary gaýtadan işlemekde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Bu skandinaw ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň agzasy däl, ýöne 97 göterim görkeziji bilen 2029-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň meýilnamasyndan öňe geçer.
Ýurtda plastik gaplary ýygnap, gaýtadan işlemek maksady bilen müşderiler üçin ýörite pul girewi ulgamy hyzmat edýär. Müşderiler gaplara gaplanan önümleri satyn alanlarynda, gabyň bahasy üçin tölän goşmaça pullaryny yzyna almak maksady bilen ulanan gaplaryny ýörite niýetlenen depozit awtomatlara tabşyrýarlar.
– Yzyna tabşyryp bolýan ähli zatlary yzyna tabşyrýaryn. Men plastik gaplary torbam dolýança ýygnaýaryn, soňra bolsa, olary awtomata tabşyrýaryn – diýip, supermarketiň bir müşderisi aýdýar.
Ýurduň ähli ýerlerindäki supermarketlerde we dükanlarda oturdylan awtomat enjamlar plastik gaplaryň daşyndaky ştrih-kody okap, bellige alýar we sarp edijilere kuponlary çykaryp berýär. Diňe geçen ýylyň özünde bu awtomatlar arkaly milliarddan gowrak plastik gaplar kabul edilip, gaýtadan işlenildi. Deňeşdirmek üçin, Beýik Britaniýa we Fransiýa diňe 60 göterim plastik gaplary gaýtadan işleýär. Iň gowy görkeziji Şwesiýada we Germaniýada bolup, bu ýerlerde plastik gaplar 85 göterimden 90 göterime çenli gaýtadan işlenilýär. Şeýle zawodlaryň kömegi bilen Norwegiýada plastik gaplaryň köp bölegi gaýtadan işlenen materiallardan öndürilýär.
– Ýewropa Bileleşigi pamykly çöpjagazlar we bir gezek ulanylýan gaplar ýaly plastikden edilen harytlardan ýüz öwürmegi göz öňünde tutýar we 2025-nji ýyla çenli plastik gaplaryň 77 göteriminiň we 2029-njy ýyla çenli 90 göteriminiň gaýtadan işlenilmegi meýilleşdirilýär. Biziň pikirimizçe, pul girewi we depozit awtomatlary arkaly bu maksada ýetip bolar – diýip, gaýtadan işleýän TOMRA kompaniýasynyň wise-prezidenti Harald Henriksen aýdýar.
Norwegiýa eýerýän ýurtlaryň biri bolsa Litwadyr. 2000-nji ýyllarda bu ýerde plastik gaplaryň 34 göterimi gaýtadan işlenip, häzirki wagtda bu görkezijini üç esse artdyrmagyň hötdesinden geldiler. Ekologlar beýleki döwletleri hem bu ýurtlaryň göreldesine eýermäge çagyrdy. Çünki Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň maglumatlaryna görä, her minutda dünýä ummanyna 15 tonna plastika taşlanýar.