Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da kö­mür ulan­magy azaldýar. Şol bir wag­tyň özün­de hem gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň ön­dü­ri­li­şi­ni has ýo­ka­ry de­re­je­ler­de art­dyr­ýar.
Di­ňe ge­çen ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ho­wa goý­ber­ýän kö­mür­tur­şy gaz­la­ry 12 gö­te­rim azal­dy. Esa­san hem, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mek mak­sa­dy bi­len kö­mür ýak­mak 2018-nji ýy­la ga­ra­nyň­da, 2019-njy ýyl­da 24 gö­te­rim aza­lyp­dyr. Şeý­le hem, ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi, re­kord de­re­jä ýe­tip, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de sarp edil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň 35 gö­te­ri­mi­ni eýe­läp­dir. Oza­ly bi­len, ýel we Gün elekt­rik be­ket­le­ri ar­ka­ly ön­dü­ril­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň möç­ber­le­ri, kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­riň ön­dü­ren ener­gi­ýa­sy­nyň muk­da­ry­na ga­ra­nyň­da, has-da art­dy.
Ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän gör­nüş­le­ri­ne geç­mek, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ryn­da on ýyl­dan gow­rak ozal baş­la­dy. Ne­ti­je­de, 2018-nji ýyl­da kö­mrü­ň ön­dü­ri­li­şi, 2012-nji ýy­lyň de­re­je­si bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 30 gö­te­rim pe­se düş­di. Hä­zir­ki wagt­da, Ýew­ro­pa­da ho­wa goý­be­ril­ýän kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň tö­leg­le­ri­niň has-da art­ma­gy kö­mür za­wod­la­ry­nyň zy­ýan çek­me­gi­ne se­bäp bo­lup, ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na alyp bar­dy.
Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, 2020-nji ýy­lyň do­wa­myn­da köm­rüň ula­ny­ly­şy­nyň azal­dyl­ma­gy do­wam et­di­ri­ler. Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa­da ener­gi­ýa öw­rü­li­şi­gi do­ly güý­jün­de ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le hem, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän “Ýa­şyl yla­la­şyk” ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri bi­len gö­reş me­se­le­si­ni Bi­le­le­şi­giň baş mak­sa­dy edip goý­dy. Şu ni­ýet bi­len Brýus­sel­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­re­şiň çäk­le­rin­de “Ada­lat­ly ge­çiş gaz­na­sy” esas­lan­dy­ryl­dy. Bu gaz­na 7,5 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­dä­ki pul se­riş­de­si bo­lup, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň bir­nä­çe ýur­du­nyň köm­re bag­ly­lyk­dan ha­las bol­ma­gy­na ýar­dam ber­mek mak­sa­dy bi­len me­ýil­leş­di­ril­di. Umu­my­lyk­da ala­nyň­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 2050-nji ýy­la çen­li “Ýa­şyl yla­la­şyk” diý­lip, at­lan­dy­ryl­ýan tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak üçin, bir tril­li­on ýew­ro harç et­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu tas­la­ma ama­la aşy­ryl­sa, zy­ýan­ly gaz­la­ryň ho­wa zy­ňyl­ma­gy­nyň me­se-mä­lim azal­jak­dy­gy çak edil­ýär. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň me­ýil­na­ma­la­ry, esa­san, ulag we ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ra geç­me­gi göz öňün­de tut­ýar. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­le­giň art­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da zy­ýan­ly gaz­la­ryň ho­wa goý­be­ril­me­gi­niň pe­se düş­me­gi do­wam ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 15 ýur­dy kö­mür za­wod­la­ry­nyň ýa­pyl­jak wag­ty­ny mä­lim et­di­ler. My­sal üçin, Fran­si­ýa 2022-nji ýyl­da köm­rüň ula­ny­ly­şy­ny bes et­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Em­ma, Ger­ma­ni­ýa ýan­gy­jyň bu gör­nü­şi­ni ulan­ma­gy­ny 2038-nji ýy­la çen­li do­wam et­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Is­pa­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti ýurt­da köm­rüň sarp edi­li­şi­niň pes­di­gi­ni na­za­ra alyp, kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­ri­niň ýa­pyl­jak se­ne­si­ni mä­lim et­di. Is­pa­ni­ýa­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mi­nistr­li­gi, ýurt­da köm­rüň ula­nyl­ma­gy­nyň 2030-njy ýy­la çen­li bes edil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri bi­len gö­reş­ýän mer­kez­le­riň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Is­pa­ni­ýa 2019-njy ýyl­da köm­re bag­ly­lyk­dan uzak­la­şan il­ki­nji Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gi­rip, ýurt­da köp san­ly Gün elekt­rik be­ket­le­ri gu­rul­dy. Soň­ky 40 ýy­lyň do­wa­myn­da Is­pa­ni­ýa­da kö­mür­den alyn­ýan elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň pa­ýy 5 gö­te­rim aza­lyp, 2025-nji ýy­la çen­li ýurt­da di­ňe bir be­ket, 2027-nji ýyl­da bol­sa, hiç hi­li be­ket bol­ma­jak­dy­gy tas­syk­la­nyl­ýar.
Mu­ňa ga­ra­maz­dan, Is­pa­ni­ýa Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da kö­mür­den ýüz öwür­mek bo­ýun­ça borç­na­ma­ny öz üs­tü­ne al­ma­dyk ýe­ke-täk ýurt bol­ma­gyn­da gal­ýar. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, Is­pa­ni­ýa bel­le­ni­len wagt­dan has öň hem kö­mür ulan­ma­gy­ny bes edip bi­ler.