ABŞ-nyň Newada ştatynda geçirilen demokratik partiýanyň deslapky saýlawlarynda Prezidentlige dalaşgär hökmünde senator Berni Sanders öňe saýlandy. Ozalky wise-prezident Jo Baýden 20 göterim aratapawut bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orna bolsa, Saut-Bend şäheriniň meri Pit Buttižiç eýeledi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp senator Berni Sandersi ýeňşi bilen gutlady. ABŞ-nyň 59-njy Prezident saýlawlary 3-nji noýabrda geçiriler.
Rus alymlarynyň Arktikanyň barmagy kyn bolan köllerinde geçirýän barlaglarynda ylma näbelli bolan 2 müň ýyl mundan ozal dörän balyklaryň köp sanly görnüşleri ýüze çykaryldy. Kronoskiý döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleriniň aýtmagyna görä, ilkinji gezek onlarça kölde barlag işleri geçirildi. Barlag geçirilen çäkleriň umumy meýdany 40 inedördül kilometr bolup, Çukotkany, Korýakiýany we Kamçatkany öz içine alýar.
Britan hökümeti ýurduň pasportyny üýtgetmek barada karar kabul etdi. Bu barada “Sky News” teleýaýlymy habar berdi. Beýik Britaniýanyň içeri işler ministri Priti Pateliň aýtmagyna görä, mart aýyndan başlap, ýurduň raýatlaryna täze pasportlar berlip başlanar. Ýurtda täze pasportlar ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn berler. Gök, altynsow reňkde boljak täze pasportda milli aýratynlyklaryň göz öňünde tutulandygy habar berilýär.
23-nji fewralda Germaniýanyň Gamburg şäherinde 120 orunlyk ýerli parlamentiň saýlawlary geçirildi. Ses bermek üçin, sanawa bir ýarym milliondan gowrak adam bellige alyndy. Saýlawlarda Germaniýanyň sosial demokratik partiýasynyň agzasy, şäher häkimi Peter Çençer öňdeligi eýeledi, “Bileleşik-90” – “ýaşyllaryň” dalaşgäri hem ikinji orny eýeledi. Gutarnykly netijeler 1-nji martda mälim ediler.
1-nji martdan başlap, Lýuksemburgda jemgyýetçilik ulaglarynyň tölegsiz boljakdygy mälim edildi. Ýurduň adybir paýtagtyndaky we beýleki şäherlerindäki ähli otlular, tramwaýlar we awtobuslar ýolagçylara tölegsiz hyzmat eder. Ilaty ýarym milliondan gowrak bolan Ýewropanyň bu ýurdunda şeýle düzgüne geçilmegi, 2018-nji ýyldan bäri göz öňünde tutulýardy. Lýuksemburg jemgyýetçilik ulagyny tölegsiz eden dünýäniň ilkinji ýurdy bolar.
Madrid muzeýi Tissena-Bornemisy “Rembrandt we Amsterdamdaky portret” atly sergä çagyrýar. Ussat suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi Ispaniýada ilkinji gezek geçirilýär. Şeýle hem, bu ýerde 1590-1670-nji ýyllar aralygyndaky golland suratkeşleriniň çeken 80 suraty we haşamlanan suratlary görkeziler. Olaryň 39-sy Rembrandtyň çeken suratlarydyr. Sergi 24-nji maýa çenli açyk bolar.
Aziýa pili, bars we buhar dag goçy göçüp-gonup ýören ýabany jandarlary goramak boýunça Bonn Konwensiýanyň sanawynyň üstüni ýetirdi. Buhar dag goçuny halkara goragyna almak barada Eýran, Täjigistan we Özbegistan teklip etdi. Hindistanyň Gandhinagar şäherinde geçirilen 13-nji maslahatda şeýle karar kabul edildi. Konwensiýanyň ýerine ýetiriji sekretary Emi Frenkel bu kararyň ýabany tebigaty goramakda möhüm ädim boljakdygyny mälim etdi.
Şwesiýanyň döwlet howa menzilleriniň dolandyryjysy “Swedavia” kompaniýasy elektrik awiasiýasy boýunça strategiýasyny tassyklady. Kompaniýanyň wekilleri, bu strategiýanyň baş maksadynyň Şwesiýanyň ähli howa menzilini elektrik hereketlendirijili uçarlara hyzmat etmäge taýýarlamak we 2025-nji ýyla çenli täjirçilik maksady bilen ilkinji awiakompaniýany işe girizmek bolup durýandygyny mälim etdiler.
Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde 20-25-nji fewral aralygynda ady rowaýata öwrülen şüweleň geçirildi. Bäş günläp dowam eden bu çärede braziliýalylara mahsus bolan özboluşly tanslar, ýörişler we dürli täsinlikler görkezildi. Millionlarça jahankeşdeleri we ýurduň çar künjünden gelen myhmanlary bir ýere jemleýän bu şüweleň her ýylda Pasha baýramçylygyna 40 gün galanda guralýar.
Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň botanika bagynda çigildemleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergide çigildem, nerkes, zagpyran we beýleki gülleriň 10 müňden gowragy bar. Mundan ozal, çigildemleri ösdürip ýetişdirmek uzak wagty talap edýärdi. Ýöne, indi ösen tehnologiýalar arkaly islendik güli geregiçe, islendik wagtda köpeldip bolýar. Bu sergi 15-nji fewraldan 15-nji mart aralygynda dowam edýär.