Wezipesine girişdi. 13-nji martda Gresiýanyň täze saýlanan 13-nji Prezidenti Katerina Sakellaropulu wezipesine girişdi. Ol şu ýylyň 22-nji ýanwarynda Gresiýanyň mejlisi tarapyndan Prezident Prokopis Pawlopulosyň ýerine saýlandy. Katerina Sakellaropulu 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Döwlet geňeşiniň hem-de Gresiýanyň ýokary dolandyryş kazyýetiniň başlygy ýaly wezipelerde işledi. Ol ýurtda bu wezipäni eýelän ilkinji zenandyr.
Ýurduň täze Premýer-ministri. Ukrainanyň Ýokary geňeşi (parlament) ýurduň Jemgyýet we sebitleriň ösüşi boýunça ministri hem-de wise-premýeriň wezipelerini ýerine ýetiren Denis Şmygaly Ukrainanyň Premýer-ministri wezipesine saýlady. Degişli karara 291 deputat ses berdi. Ýurduň ozalky Premýer-ministri Alekseý Gonçaruk 3-nji martda işinden çekildi. Ol geçen ýylyň 29-njy awgustyndan bäri hökümete ýolbaşçylyk edýärdi.
Kasam kabul etdi. 9-njy martda Owganystan Yslam Respublikasynyň täze möhlete saýlanan Prezidenti Aşraf Ganiniň kasam kabul edişlik dabarasy Kabulyň Arg köşgünde geçirildi. Dabara hökümet agzalary, welaýat wekilleri we daşary ýurtlaryň ilçileri gatnaşdylar. Ýurtda Prezident saýlawlary 28-nji sentýabrda geçirildi. Bäş aýdan soň Owganystanyň garaşsyz saýlaw topary Aşraf Ganini ýeňiji diýip yglan etdi. Saýlawlarda Aşraf Gani sesleriň 50,64%-ine, Premýer-ministr Abdulla Abdulla bolsa 39,52%-ine eýe bolupdy.
“Alibaba”-nyň eýesi öňde. Hytaý korporasiýasy “Alibaba”-ny esaslandyryjy Jek Ma Aziýanyň iň baý adamy boldy. “Bloomberg”-iň habaryna görä, ol “Reliance Industries” hindi holdinginiň eýesi Mukeş Ambaniden hem öňe geçdi. Maglumatlara görä, Jek Manyň baýlygy 44,5 milliard dollara deň we dünýädäki iň baý adamlaryň sanawynda 18-nji orny eýeleýär. “Alibaba Group” 1999-njy ýylda Jek Ma tarapyndan esaslandyryldy. Ol Hytaýyň iri internet kompaniýasy bolup, elektron söwdasy pudagynda iş alyp barýar.
Zähmet agentliginiň karary. Germaniýa Federatiw Respublikasynda şu aýyň başyndan başlap, täze kanuna laýyklykda, daşary ýurtlular, ýagny Ýewropa Bileleşigine girmeýän döwletleriň raýatlary bu ýurduň raýatlary bilen deň derejede işe ýerleşip başladylar. Täze kanun kabul edilmezden ozal, ýurtda diňe käbir zerur hünärlere isleg bildirilipdi. Ýöne ýurduň Federal zähmet agentligi Ýewropa Bileleşiginiň raýatlary işe alnanda, olaryň artykmaçlyklarynyň ileri tutuljakdygy baradaky düzgüni soňra ýatyrdy.
Ykdysadyýet ministrleriniň ýygnagy. 8-nji martda Wýetnamyň Danang şäherinde Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň bileleşigine (ASEAN) agza ýurtlaryň ykdysadyýet ministrleriniň ýygnagy geçirildi. Oňa bileleşigiň müdiriýetiniň wekilleri, guramanyň maslahat beriş geňeşi we ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar. Maslahatda dürli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle-de, 2020-nji ýylda, Wýetnamyň ASEAN-a ýolbaşçylyk edýän wagtynda durmuşa geçiriljek köp sanly kararlar kabul edildi.
“Saudi Aramco” önümçiligini artdyrar. Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy “Saudi Aramco” aprel aýynda müşderilerine her günde 12,3 million barrele çenli nebit ugratjakdygyny mälim etdi. OPEK-iň her aýda berýän hasabatyna görä, Saud Arabystany ýanwar aýynda her günde 9,7 million barrel nebit öndürdi. Saud Arabystany özüniň önümçilik kuwwatynyň bir günde 12 million barrele barabardygyny habar berýär. Patyşalygyň ätiýaçlyk gorlarynda zerurlyk ýüze çykan halatynda, ulanylmagy göz öňünde tutulýan onlarça million barrel nebit bar.
Baýden öňe saýlanýar. ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Jo Baýden, 3-nji martda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynyň netijelerine görä, öz ornuny berkitmegi başardy. Ol Aýdaho, Missisipi, Missuri we Miçiganda ýeňiş gazandy. Şu güne çenli Jo Baýden Demokratik partiýanyň milli kongresine 836 delegat ýygnan bolsa, onuň ýeke-täk bäsdeşi, Berni Sanders, 670 wekiliň goldawyna eýe boldy. ABŞ-da Prezident saýlawlary şu ýylyň noýabr aýynda geçiriler.