Birleşen Arap Emirlikleri tomusda howanyň üýtgemeginiň sebäplerini öwrenmek maksady bilen “Umyt” (“Hope”) atly zonduny Marsa ýollar. Alymlaryň pikiriçe, bu uçuş Marsa täsir edýän üýtgeşmeleri öwrenmek, kosmosdaky we Ýerdäki howa hadysalarynyň umumy keşbine düşünmek üçin juda möhümdir.
– “Emirates Mars-Hope” missiýasy Marsda maglumat toplar. Biz howanyň tebigy üýtgemegi bilen nämäniň bolup geçýändigine şaýat bolarys. Bir gün adamlar Marsa giderler, şoňa çenli missiýamyzyň kömegi bilen ol ýerde nämeler bilen ýüzbe-ýüz boljakdyklaryna has gowy düşüneris – diýip, BAE-niň ösen ylymlar boýunça ministri Sara Al-Amiri aýtdy.
Kosmosa iberiljek “Umyt” zondynyň bortdaky enjamlary ýokary çözgütli reňkli şekilleri almak üçin, sanly kamerany, temperatura şertlerini, buz, suw buglaryny we atmosferadaky tozany öwrenmek üçin infragyzyl spektrometri, atmosferanyň ýokarky gatlagyny öwrenmek üçin, ultramelewşe spektrometri we beýleki enjamlary öz içine alýar. Bu zond “Mitsubishi” kompaniýasynyň işläp taýýarlan H-IIA göteriji raketasy bilen Marsa eltiler. Uçuş howanyň ýagdaýyna görä, 14-nji iýuldan 3-nji awgust aralygynda bolar.
Barlag geçirijileriň bellemegine görä, hut şol wagtlar planetalaryň we kosmiki jisimleriň ýerleşişi enjamyň ýedi aýyň içinde – gysga wagtda gyzyl planeta erkin baryp ýetmegine mümkinçilik döreder. Häzirki wagtda zonduň synagy tamamlandy, maý aýynda enjam Ýaponiýanyň uçuş meýdançasyna eltiler.