Internet ulanyjylaryň köpüsi gysgaldylan “aýpi” sözleri barada eşiden bolsalar gerek, ýöne hakykatda, onuň nämedigi we ulanylyşy barada köpleriň bilmeýän bolmagy hem mümkin. Kompýuter tehnologiýasy boýunça hünärmen bolmasaňyz, bu salgynyň maksadyna düşünmek aňsat düşmez, biz bu ýazgyda mümkin boldugyndan ýeňilräk düşündirmäge synanyşarys. Eýsem, IP salgysy näme we ol näme üçin gerek?
IP – “aý-pi” bu internet torlarynyň arasyndaky protokoldyr. IP dolulygyna “Internet Protocol” diýlip atlandyrylýar. Ol häzirki wagtda dördünji we altynjy nesilleri bilen ýörgünlidir. Haçan-da, internet oýlanyp tapylanda, internete girýän her bir adamyň öz salgysynyň bolmalydygy barada hem alada edilipdir. Bu salgy, global tora girýän ähli enjamlara berilýär.
Mundan başga-da, IP salgysy ýerli tora, mysal üçin, birnäçe kompýuteriň bir tora birikdirilen uly kärhanasyna ýa-da edaralaryna berilýär. Bu ýagdaýda giriş global tora girilende diňe prowaýder, ýagny üpjün ediji tarapyndan döredilýär.
IP – “Internet Protocol” ýa-da salgy protokoly maglumatlary ýollamagyň usullarynyň ählisiniň iň esasydyr.
IP – protokolyň ýa-da IP salgynyň iki görnüşi bolup, tordaky her bir kompýuteriň öz salgysy bolýar. Internetiň ählumumy torunda kompýuteriň öz salgysy bolup, ol hem IP – salgy (Internet Protocol Address) diýlip atlandyrylýar. Tor boýunça ugradylan maglumat kompýuter bilen däl-de, eýsem, oňa ornaşdyrylan programma arkaly ýollanylýar. Poçta serweri, web-serweri, FTP we beýlekiler şeýle programmalardyr.
IP salgysy dinamik (hereketli) ýa-da statik (hereketsiz) bolup bilýär. Statik IP hiç haçan üýtgemeýär. Ýagny, internete her gezek täzeden girilende, seniň salgyň üýtgemeýär. Ýöne ol dinamik bolsa, her gezek täzeden internete girilende üýtgäp durýar. Sizde nähili IP salgysy bar bolsa, ol siziň prowaýderiňize, ýagny, internet bilen üpjün edijiňize baglydyr.
Eger-de, protokolyň altynjy wersiýasyna geçiljek bolsa, onda prowaýder “IPv6”-ny götermäge ukyply bolan enjamy ornaşdyrmaly bolar. Şeýle hem, enjamlaryň aglabasy “IPv6” niýetlenmedikdir. Şoňa görä, olary adatça, çalyşmaly ýa-da programmasyny üýtgetmeli bolýar.
Eger-de “IPv6”-a doly geçilen halatynda, onda, dinamik salgynyň geregi hem bolmaýar. Başga bir tarapdan statik IP-salgylaryň peýdaly taraplarynyň bardygy öňe sürülýär. Şonuň ýaly hem, protokolyň täze wersiýasyna entek saýtlaryň köpüsi geçip ýetişenok. Häzirki wagtda “IPv4” salgysyndan “IPv6” salgysyna elýeterliligi üpjün edýän araçyl kompaniýalar bar. Her niçikde bolsa, “IPv6”-a geçmekde belli bir kynçylyklar bar hem bolsa, ol zerur we hökmanydyr. Hakykatda, ol salgylaryň ägirt uly giňişliginden başga-da, köp sanly peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Eger-de ähli zat ugruna bolsa, adaty ulanyjylar protokolyň täze nusgasyna geçilenini hem duýman galarlar.