Hünärmenler göwherden hem berk, emma göwher ýaly dykyz bolmadyk nano ölçegdäki materialy öndürdiler. Materialyň kapasa şekili onuň berk bolmagyny üpjün edýär. Kaliforniýa uniwersitetiniň hünärmenleri bu materialy işläp düzenlerinde ony göwheriň gözenekli gurluşyna meňzedipdirler. Uniwersitetiň mehanika we awiasiýa boýunça hünärmeni mundan ozal berk materiallaryň silindr görnüşdäkisini taýýarlandygyny, emma täze gurluşyň has berkdigini aýdýar. Dizaýn babatda ýokary netije görkezýändigine garamazdan, bu materialy öndürmek aňsat däl. Hünärmenler materialy lazeriň ultramelewşe şöhläni duýýan suwuk şepbik damjajyklaryndan peýdalanyp, üç ölçegli çap usulynda öndürip boljakdygyny belleýärler. Şepbik çig mal hökmünde ulanylýar. Bilermenler nano materialy awiasiýa we kosmos pudagynda ulanyp boljakdygyny aýdýarlar.