12-nji ap­rel­de OPEK+ ýurt­la­ry­nyň ge­çi­ren ýyg­na­gyn­da maý we iýun aý­la­ryn­da ne­bit önüm­çi­li­gi­ni gün­de 9,7 mil­li­on bar­re­le çen­li azalt­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. 2020-nji ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da pe­se­liş gün­de 8 mil­li­on bar­re­le, 2021-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan 2022-nji ýy­lyň ap­re­li­ne çen­li gün­de 6 mil­li­on bar­re­le ba­ra­bar bo­lar. OPEK+ ag­za­la­ry­nyň bu yla­la­şy­gy, uzak gep­le­şik­ler­den soň ga­za­nyl­dy.

Yla­la­şyk 23 döw­le­t ta­ra­pyn­dan ga­za­ny­lyp, olar­dan onu­sy OPEK ýurt­la­ry­dyr: Al­žir, An­go­la, Kon­go, Ek­wa­to­ri­al Gwi­ne­ýa, Ga­bon, Yrak, Ku­weýt, Ni­ge­ri­ýa, Sa­ud Ara­bys­ta­ny, BAE. Şeý­le-de OPEK-e gir­me­ýän 10 ýurt hem bar: Azer­baý­jan, Bah­reýn, Bru­neý, Ga­za­gys­tan, Ma­laý­zi­ýa, Mek­si­ka, Oman, Rus­si­ýa, Su­dan, Gü­nor­ta Su­dan. Bu gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry bo­lan ýe­ne üç ýurt – Eý­ran, Li­wi­ýa we We­ne­sue­la önüm­çi­li­gi azalt­mak­dan bo­şa­dyl­dy.

OPEK+-iň gep­le­şik­le­rin­den soň Rus­si­ýa­nyň Prezidenti Wladimir Pu­tin, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň pa­ty­şa­sy Sal­man ibn Ab­dul-Aziz Al Sa­ud bu yla­la­şy­gy te­le­fon ar­ka­ly ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.

Ne­bit eks­port ed­ýän ýurt­la­ryň gu­ra­ma­sy (Or­ga­ni­za­ti­on of the Pet­ro­le­um Expor­ting Count­ri­es, OPEC) ne­bit kar­te­li ýa-da döw­le­ta­ra gu­ra­ma­sy bo­lup, çig ma­lyň sa­ty­ly­şy­ny saz­la­mak we çig ne­bi­tiň ba­ha­sy­na gö­zeg­çi­lik et­mek mak­sa­dy bi­len 1960-njy ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy. Gu­ra­ma­nyň öz dü­zü­min­de 14 sa­ny ne­bit çy­kar­ýan ýurt bar. OPEK-e ag­za ýurt­lar dün­ýä­niň ne­bit gor­la­ry­nyň üçden iki bö­le­gi­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýär­ler. Dün­ýä­de ne­bit çy­ka­ry­ly­şy­nyň ýa-da ne­bit eks­por­tu­nyň 35 gö­te­ri­mi bu ýurtlaryň pa­ýy­na düş­ýär. OPEK-e gir­ýän ýurt­la­ryň su­but edi­len ne­bit gorlary 1199,71 mil­liard bar­rel­den gow­rak diý­lip çak edil­ýär.