Me­teo­ro­lo­gik gö­zeg­çi­lik­le­riň bü­tin ta­ry­hyn­da 2019-njy ýyl Ýew­ro­pa­da iň ys­sy ýyl bol­dy. Bu ba­ra­da Ger­ma­ni­ýa­nyň te­le­wi­de­ni­ýe we ra­dio kom­pa­ni­ýa­sy “Deutsche Wel­le” Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik gul­lu­gy­nyň ýa­nyn­da­ky (C3S) Ko­per­nik prog­ram­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na sal­gy­la­nyp ha­bar ber­di. Tä­ze ha­sa­ba­ta gö­rä, bü­tin dün­ýä­de 2019-njy ýyl 2016-njy ýyl­dan soň ikin­ji ys­sy ýyl bo­lup­dyr. Res­mi­na­ma­da 2019-njy ýy­lyň tom­sun­da Ýew­ro­pa­nyň kä­bir ýer­le­rin­de ho­wa­nyň ka­da­dan 3-4 de­re­je ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, şeý­le ys­sy ho­wa kö­mür­tur­şy gaz­la­ry­nyň kö­pel­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le hem, ha­sa­bat­da ge­çen ýyl Ýew­ro­pa­da adat­dan da­şa­ry ýo­ka­ry yga­lyň bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. 2019-njy ýyl­da Bü­tin­dün­ýä um­ma­nyn­da­ky su­wuň gyz­gyn­lyk de­re­je­si, bü­tin gö­zeg­çi­li­giň ta­ry­hyn­da iň ýo­ka­ry de­re­jä ýet­di. Dün­ýä­de soň­ky bäş ýy­lyň do­wa­myn­da or­ta­ça ýy­ly­lyk de­re­je­si se­na­gat­dan öň­ki döw­rüň de­re­je­sin­den 1,1 de­re­je ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Glo­bal ýy­ly­lyk de­re­je­si kadadan 2 de­re­je­den ýo­ka­ry bol­sa, ho­wa­nyň düýp­li üýt­ge­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler.