ABŞ-nyň iň köp ba­ryl­ýan “Great Smo­ky Mo­un­tains” mil­li go­rag­ha­na­sy we se­ýil­gä­hi ýurt­da eme­le ge­len ýag­daý se­bäp­li köp wagt­lap do­wam eden ara­kes­me­den soň ýe­ne-de açyl­dy. “9-njy maý­da se­ýil­gä­he bar­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di­lip, bu ýe­re gel­ýän­le­riň sag­ly­gy we howp­suz­ly­gy ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­riň bi­ri bo­lar” diý­lip, se­ýil­gä­hiň mü­dir­li­gi­niň be­ýa­na­tyn­da aý­dyl­ýar.
2018-nji ýyl­da tak­my­nan, 11,5 mil­li­on adam “Great Smo­ky Mo­un­tains” go­rag­ha­na­sy­na ba­ryp gör­di. Se­ýil­gäh aja­ýyp dag ge­riş­le­ri, der­ýa­la­ry, şag­la­wuk­la­ry we köp san­ly en­de­mi­k ösüm­lik­ler­den we haý­wan­lar­dan do­ly giň to­kaý­la­ry bi­len meş­hur­dyr. Şeý­le hem bu se­ýil­gäh­de ame­ri­ka­n ba­ri­bal ga­ra aýy­la­ry­nyň köp san­ly­sy ýa­şa­ýar.
“Great Smo­ky Mo­un­tains” mil­li se­ýil­gä­hi Ame­ri­ka­nyň iki şta­ty­nyň – Ten­nes­si we De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän te­bi­gy go­rag­ha­na­dyr. Onuň ady “Uly tüs­se dag­la­ry” diý­lip ter­ji­me edi­lip, ame­ri­ka­ly­la­ryň öz­le­ri gep­le­şik­de bir söz bi­len “Tüs­se” diý­ýär­ler. Dag ge­riş­le­ri­ni gur­şap alan du­man­lar se­bäp­li se­ýil­gäh şeý­le üýt­ge­şik ada eýe bol­updyr.
Du­man­la­ryň eme­le gel­me­gi, Mek­si­ka aý­la­gyn­dan gel­ýän ýy­ly çyg­ly ho­wa aky­mlary­nyň he­re­ke­ti we Ap­pa­la­çi dag­la­ry­nyň ýo­kar­ky bö­le­gin­de so­wa­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bi­rin­ji ba­kyş­da man­za­ra bir­ne­me gor­kunç bo­lup gö­rün­me­gi hem müm­kin, se­bä­bi bu ýe­ri­ni gap­lap al­ýan du­man­lar bu­rug­sa­ýan tüs­se­le­re meň­ze­ýär.
Mil­li se­ýil­gäh bi­os­fe­ra go­rag­ha­na­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lup, ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şu­lan­dyr. Se­ýil­gäh 1934-nji ýyl­da ABŞ-nyň Kong­re­si­niň ka­ra­ry bi­len dö­re­di­lip, 1940-njy ýyl­da Pre­zi­dent Frank­lin Ruz­welt bu se­ýil­gä­hiň resmi taýdan açyl­ýan­dy­gyny yg­lan e­dýär. Se­ýil­gä­hiň umu­my meý­da­ny 2108,76 inedördül kilometr bo­lup, Ame­ri­ka­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky iň uly go­ral­ýan te­bi­gy ýer­le­riň bi­ri­dir.