Ast­ro­nom­lar gün ul­ga­myn­da bä­şin­ji ýer­de dur­ýan Ýu­pi­te­riň ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky su­ra­ty­ny al­dy­lar. Su­rat Ga­wai­dä­ki Mau­na-kea (ýer­li dil­de ak dag diý­me­gi aň­lad­ýar) da­gy­nyň de­pe­sin­dä­ki te­les­kop ar­ka­ly dü­şü­ril­di. Ag­la­ba­sy wo­do­rod we ge­liý gaz­la­ryn­dan eme­le ge­len Ýu­pi­ter iň uly pla­ne­ta ha­sap­lan­ýar. Ýo­ka­ry du­ru­lyk­da­ky su­ra­ty dö­ret­mek üçin Ge­mi­ni ob­ser­wa­to­ri­ýa­syn­dan, kos­mos gi­ňiş­li­gin­de he­re­ket ed­ýän “Hubb­le” te­les­ko­pyn­dan hem-de NA­SA-nyň Ýu­pi­te­ri öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len uçu­ry­lan “Ju­no” kos­mos gä­mi­sin­den al­nan su­rat­lar­dan peý­da­la­nyl­dy. Bu üç ýer­den al­nan su­rat­lar Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan bir­leş­di­ril­di. Su­rat­da pla­ne­ta­nyň ýü­zün­de eme­le gel­ýän ýyl­dy­rym­la­ry, güýç­li ýe­li we gy­zyl teg­mil­le­riň ýü­zün­dä­ki ga­ra no­kat­la­ry hem gör­mek bol­ýar. Ýu­pi­ter­de äpet we yzy­gi­der­li ýel öwüs­ýär. Bu ýer­dä­ki bu­lu­dyň ga­lyň­ly­gy 65 ki­lo­met­re ýet­ýär. Ge­çi­ri­len bar­laglaryň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da­ky yl­my ma­ka­la “The Ast­rop­hy­sical Jo­ur­nal Supp­le­ment Se­ri­es” žur­na­lyn­da ýaý­ra­dyl­dy.