Geçen asyryň başlarynda howa gämileriniň peýda bolmagy gatnawy örän ýeňilleşdirdi. 1950-nji ýyllara çenli ummandyr deňizlerde uzak aralyga gatnaýan ýolagçy gämileri bardy. Iri ýolagçy uçarlarynyň peýda bolmagy bilen olar kem-kemden ulanyşdan galdy. Sebäbi ýolagçy uçarlary uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik döretdi. Öňki ýyllarda ýangyç guýmak we beýleki tehniki gözegçilik etmek üçin ýolda “düşläp” geçmeli bolýan uçarlar indi dünýäniň bir ujundan beýleki ujuna eglenmän baryp bilýärler. Bu bolsa ýangyjy, wagty we beýleki çykdajylary tygşytlamaga ýardam edýär. Muňa garamazdan, dürli sebäplere görä, gysga aralykdaky uçar gatnawlary dowam edýär. Ine olaryň käbiri:
olaýda “American Airlines” awiakompaniýasy ABŞ-nyň Kolorado ştatynda Igl-Weýl ilatly nokady bilen Aspen şäheriniň arasynda 46 kilometrlik gatnawy ýola goýdy. Uçuş 35 minut dowam edýär. Kompaniýa ýakyn geljekde sebitde gysga uçuşlaryň sanynyň artdyryljakdygyny mälim etdi. Mundan ozal ýurduň iň gysga howa gatnawy Massaçusets ştatynda amala aşyrylýardy. Häzirki wagtda hem dowam edýän bu gatnawyň aralygy 49 kilometrden gowrak. “Cape Air” şereketiniň amala aşyrýan gatnawy Barnsteýbl ýerli howa menzili bilen Nantuket Memorial aeroportlarynyň arasynda ýola goýlupdyr.
Niderlandlar Patyşalygyna degişli bolan Sint-Marten awtonom sebiti bilen Beýik Britaniýanyň Angilýa sebitiniň arasyndaky howa gatnawy iň gysga halkara gatnaw hasaplanýar. Karib deňzindäki iki adanyň arasynda “Anguilla” awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan gatnawyň aralygy bary-ýogy 19 kilometrden sähel gowrak.
Yzygiderli amala aşyrylýan iň gysga gatnawyň uzynlygy bolsa 3 kilometre hem ýetmeýär. Bu görkeziji köp howa menzillerindäki uçuş-gonuş zolagyndan hem gysga. Şotlandiýadaky Papa-Westreý howa menzili arkaly 1967-nji ýyldan bäri Westreý adalarynyň arasynda “Loganair” şereketine degişli kiçi göwrümli uçarlar bilen mugallymlar, okuwçylar, arheologlar, syýahatçylar we beýleki ýolagçylar gatnadylýar. Häzirki wagtda 8 orunlyk uçar bilen amala aşyrylýan gatnaw 2 minutda geçilýär. Bu ýerde iň gysga wagtda geçilen uçuş hem hasaba alnypdyr. Ýeliň kömegi bilen uçar 53 sekuntda barmaly menziline ýetipdir. Şeýle hem adalaryň arasynda gatnaýan kiçijik howa gämisiniň uçarmany Stýuart Linklater 2013-nji ýylda ömründe 12 müňden köpräk gatnaw amala aşyryp, bu ugurda rekord goýupdyr.
Indoneziýanyň Papua welaýatynda bolsa, has gysga aralykdaky howa gatnawy amala aşyrylýar. Kegata-Apowo ugry boýunça hereket edýän uçaryň geçmeli ýoly 2 km.
Iň gysga yklymara uçuş aralygy 43 km bolan aeroportlaryň arasynda ýola goýlupdyr. Marokkanyň Tanžer şäheri Afrikanyň demirgazygynda, Beýik Britaniýanyň Gibraltar sebiti Ýewropanyň günortasynda ýerleşýär. Bu iki şäheri Ýewropa bilen Afrikanyň araçägi hasaplanýan Gibraltar bogazy bölýär. “Royal Air Maroc” awiakompaniýasynyň uçarlary bu şäherleriň arasynda yzygiderli gatnawy amala aşyrýarlar. Iki paýtagtyň arasyndaky gatnaw bolsa, Kongo Demokratik Respublikasy bilen Kongo Respublikasynyň aralygynda ýola goýlupdyr. Kinşasa hem-de Brazzawil şäherleriniň halkara aeroportlarynyň arasy 26 km.