Ýewropa Komissiýasy iki strategiýany öz içine alýan biodürlülige goldaw bermek boýunça meýilnamasyny hödürledi. Bu strategiýalar gury ýeriň, suwuň goralmagynyň üpjün edilişini gowulandyrylmagyny, zeper ýeten ekoulgamlaryň gaýtadan dikeldilmegini hem-de Ýewropa Bileleşiginiň biodürlüligi goramakda we azyk ulgamlarynyň sazlaşykly işlemeginde öňdebaryjy ýurt bolmagyny göz öňünde tutýar.
Şeýlelikde, birinji strategiýanyň çäklerinde 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky ähli gury ýer we deňiz baýlyklarynyň azyndan, 30%-ini goralýan zolaklara öwürmek ýaly çäreleri durmuşa geçirmek teklip edilýär. Şol bir wagtyň özünde, oba hojalygynyň azyndan, 10%-iniň landşaftyny diwersifikasiýa etmek meýilleşdirilýär.
Şu maksat bilen biodürlüligi ýokarlandyrmak nazara alnyp, her ýyl Ýewropa Bileleşiginiň býujetinden, şeýle hem milli býujetlerden we hususy gaznalardan 20 milliard ýewrony bölüp bermek meýilleşdirilýär. Ikinji strategiýada azyk ulgamlarynda durnukly işleri ýola goýmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.
Hususan-da, daşky gurşaw ülňülerine laýyklykda, oba hojalygyna degişli ýerleriň paýyny 25%-e çenli artdyrmak, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Ýewropada 3 milliard agaç ekmek meýilleşdirilýär. Geçen ýylyň dekabrynda Brýusselde geçirilen maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň 2050-nji ýyla çenli atmosfera uglerod zyňyndylarynyň nol deňagramlylygyny gazanmak barada ylalaşandyklary bellärliklidir.