“Ýew­ro­pa­nyň şa­sy” hem diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Du­naý der­ýa­sy go­ja­man Ze­mi­niň bir­nä­çe ýurt­la­ry­nyň için­den akyp geç­ýär. Onuň ke­na­rla­ry, gä­mi hyz­mat­la­ryn­dan baş­ga-da, köp san­ly köp­rü­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Ýa­kyn wagt­da bu köp­rü­le­riň ýe­ne-de bi­ri ulan­ma­ga ber­ler. Hä­zir­ki wagt­da Du­na­ýyň üs­tün­den Weng­ri­ýa­nyň Ko­marom we Slo­wa­ki­ýa­nyň Ko­mar­no şä­her­le­ri­ni bir­leş­dir­jek 600 metr­lik tä­ze köp­ri­niň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Bu köp­ri­niň güý­züň ba­şyn­da ulan­ma­ga be­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Weng­ri­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler we daşary söw­da mi­nist­ri Pe­ter Si­ýýar­to so­si­al ul­gam­lar­da­ky buk­ja­syn­da ge­çen ýyl iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň 10 mil­liard ýew­ro­dan ge­çen­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, iki ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­me­gi­ni üp­jün et­mek üçin şeý­le köp­ri­niň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp geç­di.
Du­naý Ýew­ro­pa­da­ky iň uzyn “hal­ka­ra” der­ýa­sy (Wol­ga­dan soň) bo­lup, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň iň uzyn der­ýa­sy­dyr. Onuň uzyn­ly­gy 2860 ki­lo­met­re deň. Du­naý öz göz­ba­şy­ny Ger­ma­ni­ýa­nyň Şwars­wald dag­la­ryn­dan alyp gaý­dyp, Ger­ma­ni­ýa, Awst­ri­ýa, Slo­wa­ki­ýa, Weng­ri­ýa, Hor­wa­ti­ýa, Ser­bi­ýa, Bol­ga­ri­ýa, Ru­my­ni­ýa, Uk­rai­na we Mol­do­wa ýa­ly 10 döw­le­tiň çäk­le­rin­den akyp geç­ýär. Şeý­le-de We­na, Bra­tis­la­wa, Bu­da­peşt we Belg­rad ýa­ly Mer­ke­zi we Gü­nor­ta-Gün­do­gar Ýew­ro­pa­nyň paý­tagt­la­ry­nyň için­den geç­ýär. Der­ýa Ga­ra deň­ze gu­ýup, Ru­my­ni­ýa we Uk­rai­na ser­he­din­de del­ta­ny eme­le ge­ti­rip, onuň ru­myn bö­le­gi ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len­dir.