Şu günki günde ekologiýa taýdan iň arassa ýurtlar, ýagny daşky gurşawy hapalanmadyk ýurtlar barada köp gürrüň edilýär. Adamyň täsiri bolmadyk tebigy ýerler az-azdyr. Şeýle hem, soňky döwürde köpleriň daşky gurşawa bolan garaýşy özgerip, kämilleşip başlady – awtoulag ulanmakdan ýüz öwürýänler, ýel generatorlaryny oturdýanlar, «ýaşyl» enjamlary ulanýanlar barha köpeldi. ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň alymlary daşky gurşawa has köp üns berýän ýurtlaryň sanawyny düzdüler. Sanawdaky ýurtlara 100 ballyk derejede baha berlipdir.
Islandiýa – 93,5
Geotermik çeşmeler hakynda aýdylanda, bu meselede islandiýalylaryňky has-da şowunadyr. Islandiýa ýylylyk almak üçin islendik zady ýakmak zerurlygyndan halasdyr. Ýurduň howasynyň sowukdygyna garamazdan, bu ýurtda ýeterlik derejede ýerasty gyzgyn suw gorlary bar. Islandiýa hökümeti bu ýurduň ýaşaýjylaryny «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmaga çagyrýar, ýöne ýaşaýjylaryň özleri hem muňa diýseň höwesek. Öňler Islandiýanyň energiýa üpjünçiliginiň 70%-i daşary ýurtlardan getirilýän kömüre garaşly bolupdyr. Häzir Islandiýanyň energiýa pudagynyň kömüre garaşlylygy 18%-e çenli düşüpdir. Hatda, kömür üpjünçiligi düýbünden bes edilse-de, Islandiýa kynçylyk çekmeýär. 2050-nji ýyla çenli Islandiýa kömüre we nebite garaşlylykdan halas bolup, ýerasty energiýa çeşmelerini ýurduň senagatyndan doly aýyrmagy meýilleşdirýär.
Şweýsariýa – 89,1
Şweýsariýa ekologiýa taýdan arassa, «ýaşyl» ýurt bolmak üçin yzygiderli tagalla edýär, howa goýberilýän zyýanly gazlary kem-kemden azaldýar we sebitlerini abadanlaşdyrýar. Hökümet tebigatyň asyl görnüşine eýe bolan täze milli seýilgähleri döredýär. Şweýsariýada iri we kiçi kompaniýalar, şeýle hem aýry şahslar «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrýarlar we müşderilerini şeýle tehnologiýalary ulanmaga höweslendirýärler. Mysal üçin, ýurduň meşhur myhmanhanalary gibrid awtoulaglar bilen gelýänlere arzan hyzmatlary edýär. Mundan başga-da, köp öýde geotermik çeşmelerden energiýa alýan ýyladyş ulgamy ulanylýar. Umuman aýdylanda, Şweýsariýa hiç haçan «hapa» ýurt bolmandy. Ýurtda «Arassalanýan ýer arassa däl-de, hapalanmaýan ýer arassadyr» diýen şygara berk eýerýärler.
Kosta-Rika – 86,4
Kosta-Rika ekologiýa taýdan arassa ýurt bolmak niýetini köpden bäri mälim edip gelýär. Häzir bu ýurt aýak basylmadyk sümme tokaýlary we biodürlüligi gorap saklamak boýunça birnäçe işleri amala aşyrýar. 2021-nji ýyla çenli Kosta-Rika howa goýberilýän kömürturşy gazynyň derejesini nola düşürmegi niýet edinýär. Şu maksat bilen hökümet alternatiw energiýa çeşmeleriniň täze görnüşlerini ösdürmäge goşant goşýar, bar bolanlaryny senagata ornaşdyrýar. Elbetde, Kosta-Rika yssy ýurt, şonuň üçin binalary ýylatmaga onçakly köp energiýa sarp edilmeýär. Bu ýagdaý bolsa, energiýany tygşytlamaga kömek edýär. Kosta-Rika onlarça ýyl bäri ösüp oturan agaçlaryny daşary ýurtlara satyp, tokaýlaryny ýok etdi. Häzir tokaýlary azaldýan kompaniýalaryň işini bes etmek üçin ep-esli tagalla edilýär, galyberse-de, ýurtda kesilen agaçlaryň ýerine täze agaçlary ekmäge girişildi. Diňe 2008-nji ýylda, maliýe kynçylyklaryna garamazdan, ýurtda 5 million nahal oturdyldy. Bu kän däl, ýöne ozal ýok edilenleriň dikeldilmegine umyt döredýär.
Şwesiýa – 86
Dünýäniň köp ýurtlary ýangyç üçin hemişe has köp çykdajy etmeli bolýanlygy sebäpli kyn günleri başdan geçirýän wagtynda, Şwesiýa ähli binalary ýangyçsyz düzgüne geçirmegi meýilleşdirýär. Elbetde, hökümet ähli ýyladyşy we gazy öçürmegi maksat edinmän, kem-kemden energiýanyň täzelenýän çeşmelerine geçýär. Şeýle meýilnama 1980-nji ýylda dörän ýangyç bilen baglanyşykly kynçylyklarda kabul edilip, ýurtda derýalaryň, ýeliň we Günüň energiýasyny ulanmaga üns berilýär. Mundan başga-da, Şwesiýa kem-kemden adaty metan gazynyň ýerine awtoulaglarda biogaz ulanmaga geçýär. Bu biraz geň görünse-de, bioýangyç tebigy gazdan has arzandyr.
Norwegiýa – 81,1
2030-njy ýyla çenli Norwergiýa kömürturşy gazynyň zyňyndylary boýunça pes derejeli ýurda öwrüler. Bu ýurt häzirden howa taşlanýan hapa gazlary azaltmagyň ýollaryny gözläp, dürli çäreleri amala aşyrýar. Bu maksada ýetmek üçin hökümet degişli tehnologiýalary satyn alýar. Häzirki wagtda bu ýurtda kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 40% azaltmak meýilleşdirilýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ugurda diňe bir ylmy ädimler däl, eýsem, ykdysady ädimler hem ädilýär. Şeýlelikde, dizel hereketlendirijili awtoulagy bolan sürüjiler has köp pul tölemeli edildi. Mundan başga-da, Norwegiýa ýurduň ýaşaýjylaryny uzak aralyklara ulag bilen syýahat etmek zerurlygyndan halas etmek maksady bilen, goşmaça demir ýol ugurlaryny gurýar. Ýurtda zeper ýetirilen landşaftlar gaýtadan dikeldilýär.