Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Çer­no­go­ri­ýa­da par­la­ment we ýer­li saý­law­lar 30-njy aw­gust­da ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da Pre­zi­dent Mi­lo Ju­ka­no­wiç mä­lim et­di. Mi­lo Ju­ka­no­wiç, par­ti­ýa­la­ryň we bi­le­le­şik­le­riň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ren mas­la­hat­la­ryn­dan soň, Çer­no­go­ri­ýa­nyň Skup­şi­na­sy­na (par­la­ment) saý­law se­ne­si­ni bel­le­mek, şeý­le hem And­ri­ýe­wi­sa, Bud­wa, Gu­si­ne, Ko­tor şä­her ge­ňeş­le­rin­de hä­ki­mi­ýe­tiň ýer­li we­kil­le­ri­niň saý­law­la­ry­ny ge­çir­mek ka­ra­ry­na gel­di.

Saý­law­çy­lar bi­len du­şuş­dy. Go­laý­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp üç aý­dan gow­rak wagt­dan soň saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky il­kin­ji ýyg­na­gy­ny ge­çir­di. Onuň Ok­la­ho­ma­da­ky çy­ky­şy üç sa­gat tö­we­re­gi do­wam et­di. Ol saý­law­çy­la­ryň öňün­de eden çy­ky­şyn­da ABŞ-nyň dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­dan üs­tün­lik­li baş alyp çyk­ýan­dy­gy­ny, güýz­de äh­li mek­dep­le­riň açyl­jak­dy­gy­ny aýt­dy. Iň soň­ky pi­kir so­ra­ly­şyk­la­ra gö­rä, ABŞ-nyň ozal­ky wi­se-pre­zi­den­ti, De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň ag­za­sy Jo Baý­den in­di di­ňe bir Tramp­dan öňe geç­män, eý­sem, ara­ta­pa­wu­dy­ny 10 gö­te­rim­den gow­rak art­dyr­dy.

Sy­ýa­hat­çy­ly­gy gol­dar. Is­pa­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li zy­ýan çe­ken sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­na 2,5 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­de kö­mek me­ýil­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. – Hä­ki­mi­ýet­ler Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ser­het­le­riň açyl­ma­gy sy­ýa­hat­çy­ly­gyň iler­le­me­gi­ne go­şant go­şar di­ýip ga­raş­ýar. Bu bol­sa, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň iň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­niň ös­me­gi­ne ge­ti­rer – di­ýip, Is­pa­ni­ýa­nyň ma­li­ýe mi­nist­ri Ma­ri­ýa He­sus Mon­te­ro aýt­dy. Mun­dan ozal Is­pa­ni­ýa­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri 3,75 mil­liard ýew­ro möç­be­rin­dä­ki pul se­riş­de­le­ri­ni aw­tou­lag pu­da­gy­ny gol­da­mak boýunça me­ýil­na­ma­sy­na gö­nük­dir­ýän­di­gi­ni mä­lim edip­di.

«Ti­ta­nik» bilen gabatlaşan aýs­ber­giň su­ra­ty. ABŞ-da «Ti­ta­nik» gä­mi­si bi­len ça­ky­şan aýs­ber­giň su­ra­ty­ny tap­dy­lar. Su­rat şol wa­ka­dan iki gün öň dü­şü­ri­len eken. «SS Eto­ni­an» at­ly baş­ga bir gä­mi­niň ka­pi­ta­ny W.Wud At­lan­tik um­ma­nyn­dan ýü­züp bar­ýar­ka, bu su­ra­ty­ dü­şü­rip, Nýu-Ýor­ka ba­ran­soň, ony «Si­ze «Ti­ta­nik» bi­len ça­ky­şan ägirt aýs­ber­giň su­ra­ty­ny ug­rad­ýa­ryn» di­ýen ýaz­gy bi­len maş­ga­la­sy­na ýol­la­ýar. Ka­pi­tan bu aýs­berg bi­len gün­di­ziň gü­nor­ta­ny ýüz­be-ýüz bo­lan­soň, howp­dan aň­sat sow­lup ge­çi­len­di­gi­ni ýa­zyp­dyr. Hä­zir bu hat­ly su­ra­ty 15 müň dol­lar ba­ha­dan auk­sio­na goý­du­lar. Mun­dan öň, bri­tan mu­ze­ýin­de «Ti­ta­nik» sa­zan­da­sy­nyň skrip­ka­sy­nyň goý­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Ol Wol­les Hart­lä de­giş­li­di.

Ilat ýa­zu­wy ge­çi­ri­ler. 2021-nji ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­den 30-njy ap­re­li­ne çen­li ara­lyk­da Russiýada ilat ýazuwy ge­çi­ri­ler. Ýö­ne Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hö­kü­me­ti­niň ka­ra­ry bi­len 2020-nji ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­dan 2021-nji ýy­lyň 30-njy iýu­ny­na çen­li ýur­duň bar­ma­sy has kyn bo­lan ýer­le­rin­de bü­tin­rus­si­ýa ilat ýa­zu­wy­nyň ge­çi­ril­jek­di­gi mä­lim edil­ýär. Ilat ýa­zu­wy il­ki­baş­da 2020-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­me­li­di, ýö­ne dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li ony ge­çi­rme­giň wag­ty in­di­ki ýy­la süý­şü­ril­di.

Iň güýç­li kwant komp­ýu­te­ri. ABŞ-nyň «Ho­ney­well» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň güýç­li kwant komp­ýu­te­ri­ni hö­dür­le­di. Ol iň ýa­kyn meň­ze­şin­den iki es­se güýç­lü­dir. Kwant komp­ýu­te­ri­niň ha­sap­la­ýyş güý­ji kwant göw­rü­mine görä ba­ha be­ril­ýär. Tä­ze en­ja­myň kwant göw­rü­mi 64-e, öň­ki IBM kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önü­mi bo­lan komp­ýu­te­riň kwant göw­rü­mi bol­sa 32-ä deň­dir. Hü­när­men­ler kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze komp­ýu­te­ri­niň ge­l­je­gi­niň ulu­dy­gy­ny aýt­dy­lar. «Ho­ney­well» elekt­ron do­lan­dy­ryş we aw­to­mat­laş­dy­ryş ul­gam­la­ry­ny ön­dür­ýän ame­ri­kan kor­po­ra­si­ýa­sy­dyr. Bu kom­pa­ni­ýa esa­san, aero­kos­mos en­jam­la­ry­ny, bi­na­la­ryň we se­na­gat des­ga­la­ry­nyň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, aw­tou­lag en­jam­la­ry­ny we tur­bo komp­res­sor­la­ryny ön­dür­ýär.

Ýew­ro­pa ser­het­le­ri­ni aç­ýar. 1-nji iýul­dan baş­lap Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi 14 ýur­da ser­het­le­ri­ni aç­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Al­žir, Awst­ra­li­ýa, Ka­na­da, Gru­zi­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Çer­no­go­ri­ýa, Ma­rok­ko, Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Ru­an­da, Ser­bi­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Taý­land, Tu­nis we Urug­waý ýa­ly ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry üçin ser­het çäk­len­dir­me­le­ri­ni aý­ryp ug­ra­dy. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.

Ösüş par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Ser­bi­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Wu­çiç iýu­nyň ahy­ryn­da ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da do­lan­dy­ry­jy Ösüş par­ti­ýa­sy­nyň ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny yg­lan et­di. Bu sy­ýa­sy çä­re­de Par­la­men­tiň de­pu­tat­la­ry, Wo­ýe­wo­di­na aw­to­nom ül­ke­si­niň we ýer­li hä­ki­mi­ýe­tiň we­kil­le­ri saý­lan­dy. Ser­bi­ýa­nyň 6 584 376 ra­ýa­ty 8,4 müň saý­law uças­to­gyn­da ses ber­di­. Saý­law to­pa­ry­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ser­bi­ýa­nyň Ösüş par­ti­ýa­sy 63,35 gö­te­rim, Ser­bi­ýa­nyň So­sia­lis­tik par­ti­ýa­sy 10,67 gö­te­rim, No­wi Be­og­rad şä­her hä­kim­li­gi­niň baş­ly­gy Alek­sandr Şa­piç ses­le­riň 2,17 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. Saý­law­la­ra gat­na­şygyň 59,4 gö­te­rim bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di.