Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ila­ty ýer­li önüm­ler bi­len üp­jün et­mek ba­ra­da­ky taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy bi­len meş­gul­la­nyp, bol muk­dar­da önüm ön­dür­ýän ra­ýat­la­ry­my­zyň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär. Mu­ňa mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu ýy­lyň iýun aýyn­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­na ama­la aşy­ran iş sa­par­la­ryn­da ýe­ne bir ýo­la şa­ýat bol­duk. Gah­ry­man Pre­zi­den­ti­miz äh­li se­bit­ler­de hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­ler bi­len du­şu­şyp, ola­ryň ila­ty ýer­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­di.
Ba­şar­jaň oba ho­ja­lyk­çy­la­ryň ga­zan­ýan zäh­met üs­tün­lik­le­ri, el­bet­de, köp ada­my bu işe ruh­lan­dyr­ýar. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da ýer bö­lek­le­ri­ni alyp ýa-da şah­sy ho­ja­lyk­la­ryn­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mä­ge hö­wes bil­dir­ýän­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Bu iş bi­len meş­gul­lan­ma­ga is­leg bil­dir­ýän il­deş­le­ri­mi­zi mad­dy ta­rap­dan gol­da­ma­ga Türk­me­nis­ta­nyň «Halk­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky hem ýa­kyn­dan gat­naş­ýar. Bö­lü­nip ber­len mel­le­gin­de (ýer bö­le­gin­de) şah­sy ho­ja­ly­gy­ny ýö­red­ýän ra­ýat­la­ra gol­daw ber­mek mak­sa­dy bi­len, bank ki­çi göw­rüm­li karz­la­ry be­rip baş­la­dy. Bu karz se­riş­de­le­rin­den eke­ran­çy­lyk we mal­dar­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­ýan äh­li ra­ýat­la­ry­myz peý­da­la­nyp bil­ýär­ler. Karz se­riş­de­le­ri­niň bu gör­nü­şi iş­le­nip dü­zü­len­de Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­dan, Ra­ýat ko­dek­sin­den, «Karz eda­ra­la­ry we bank işi ha­kyn­da», «Gi­rew ha­kyn­da», «Mik­ro­ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry we mik­ro­ma­li­ýe­leş­dir­me ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­na we beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na esas­la­nyl­dy.
Ki­çi göw­rüm­li karz se­riş­de­le­ri nagt däl gör­nüş­dä­ki tö­leg­le­ri ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Ban­kyň bu hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­ýan müş­de­ri­ler de­giş­li tö­leg­le­ri alan karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­byn­dan ge­çi­rip bi­ler­ler. Ki­çi göw­rüm­li kar­zyň aň­ry­çäk möç­be­ri 30 müň ma­nat­dyr. Ol 10 gö­te­rim bi­len üç ýyl möh­le­te çen­li be­ril­ýär. Esa­sy ber­gi­niň ýe­ňil­lik döw­ri 6 aý möh­let di­ýip bel­le­nen­dir.
Sö­zü­mi­ziň şu ýe­rin­de bu karz se­riş­de­sin­den peý­da­lan­ma­gyň ter­ti­bi ba­ra­da bi­raz bel­läp ge­çe­liň. Işiň il­kin­ji tap­gyr­la­ryn­da karz eda­ra­sy­nyň hü­när­men­le­ri müş­de­ri bi­len dü­şün­di­riş mak­sat­ly söh­bet­deş­lik­le­ri ge­çir­ýär­ler.

Bu söh­bet­deş­lik­ler kar­zyň res­mi­leş­di­riş ter­ti­bi, mak­sa­da la­ýyk ula­ny­ly­şy, müş­de­ri­niň we za­mun­çy­nyň tö­le­ge ukyp­ly­ly­gy we kar­zyň üp­jün­çi­li­gi­ni anyk­la­mak ýa­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär. Soň­ra karz aly­jy­nyň we za­mun­çy­nyň de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da bank ta­ra­pyn­dan karz se­riş­de­si res­mi­leş­di­ril­ýär we müş­de­ri­niň ha­sa­by­na nagt däl gör­nü­şin­de ge­çi­ril­ýär. Bank we müş­de­ri gat­na­şyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň «Halk­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň ki­çi göw­rüm­li karz se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky ter­tip­na­ma­syn­da do­ly düz­gün­leş­di­ri­len­dir. Müş­de­ri bu ter­tip­na­ma bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­dy­ryl­ýar. Karz aly­jy kar­zy gaý­tar­mak işi­ni nagt ýa-da nagt däl gör­nü­şin­de ama­la aşy­ryp bil­ýär.
Ki­çi göw­rüm­li karz se­riş­de­le­ri, ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge ga­dam goý­mak is­le­ýän­ler üçin amat­ly baş­lan­gyç­dyr. Bu ýe­ňil­lik­li karz se­riş­de­si oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri mad­dy taý­dan gol­dap, ola­ryň işi­niň ug­ruk­ma­gy­na ýol aç­ýar. Kar­zyň üç ýyl möh­let bi­len be­ril­me­gi bol­sa bu hyz­mat­dan peý­da­lan­ýan­lar üçin ikin­ji bir uly müm­kin­çi­lik­dir.
Ýe­ri ge­len­de, Türk­me­nis­ta­nyň «Halk­bank» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň ýer­li önüm ön­dü­ri­ji­le­re karz se­riş­de­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýän­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Bu karz se­riş­de­le­rin­den peý­da­la­nyp, hu­su­sy­ýet­çi­lik­de işi­ni üs­tün­lik­li ýo­la go­ýan we alyp bar­ýan il­deş­le­ri­mi­ziň sa­ny bar­ha kö­pel­ýär. Ban­kyň hü­när­men­le­ri ola­ra äh­li ba­bat­da ýar­dam ber­ýär­ler.
Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry bi­len önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ara­syn­da yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­dy. Bu hyz­mat­daş­lyk mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar.


Ma­ýa Mol­la­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň «Halk­bank« döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň Ma­li­ýe yk­dy­sa­dy sel­je­riş we
usul­ýet mü­dir­li­gi­niň baş­ly­gy­nyň w.w.ý.ý.