Horwatiýanyň Parlamenti Ministrler Kabinetiniň täze düzümi baradaky teklipleri tassyklady. Prezident Zoran Milanowiç ýurtda geçirilen Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan «Horwatiýa demokratik arkalaşygy» partiýasynyň başlygy, Premýer-ministr Andreý Plenkowiçe täze hökümet gurmak barada ygtyýar berdi. Bu barada ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň ilkinji ýygnagynyň netijeleri yglan edilensoň mälim edildi.
Maglumatlara görä, 76 deputat Premýer-ministri goldady, 59 deputat bolsa garşy çykdy.
– Biz hyzmatdaşlar bilen Parlament köplügini döretdik, olar bilen täze hökümetiň maksatnamasyny durmuşa geçirjekdigimize ynanýaryn – diýip, Andreý Plenkowiç belledi. Maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda sosial durnuklylyk, ykdysady özygtyýarlylyk, döwlet gurluşyny berkitmek ýaly meseleler aýratyn orun eýeleýär.
Horwatiýa hökümetiniň täze gurluşy öňküsi ýaly 20 däl-de, 16 ministrlikden ybarat bolar. Andreý Plenkowiçiň Ministrler Kabinetinde dört sany orunbasary bolar.