Ýa­gyş ýa­gan­dan soň­ra peý­da bo­lýan ýa­kym­ly ysyň se­bä­bi yl­my taý­dan anyk­lan­dy. Alym­lar bu ysyň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýan hi­mi­ki bir­leş­me­le­riň nä­dip ýü­ze çyk­ýan­dy­gy­ny öw­ren­di­ler. Alym­la­ryň pi­ki­ri­çe, «strep­to­myces» at­ly bak­te­ri­ýa ge­os­min at­ly hi­mi­ki bir­leş­mä­ni dö­red­ýär. Bu hi­mi­ki bir­leş­me bol­sa, ýa­gyş­dan soň­ra peý­da bol­ýan ysy eme­le ge­tir­ýär. Ang­li­ýa­nyň No­riç şä­he­rin­dä­ki Jon In­nes yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň alyp ba­ran bar­la­gy­na şwe­si­ýa­ly hü­när­men­ler hem gol­daw be­rip­dir­ler. Ösüm­lik we mik­ro­bio­lo­gi­ýa ugur­la­ryn­da iş alyp bar­ýan mer­ke­ziň hü­när­men­le­ri bu bak­te­ri­ýa­nyň gur­çuk­la­ry özü­ne çek­mek üçin şeý­le ysy dö­red­ýän­dik­le­ri­ni anyk­la­dy­lar. Yl­my işiň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, bak­te­ri­ýa­lar güýç­li an­ti­bio­tik­ler bi­len bir ha­tar­da or­ga­nik bir­leş­me­le­ri hem dö­red­ýär. Dür­li usul­lar ar­ka­ly ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da gur­çuk­la­ryň is­len­dik şert­de hem ge­os­mi­niň eme­le ge­tir­ýän ysy­na ta­rap ýö­ne­len­dik­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Yl­my işiň ne­ti­je­le­ri «Na­tu­re Micro­bio­lo­gy» at­ly žur­nal­da çap edi­ldi. Täze açyşyň bak­te­ri­ýa­la­ryň dür­li ýo­kanç­lyk­la­ryň öňü­ni al­mak­da peý­da­lan­ma­gy­na ýar­dam et­jekdigi mä­lim edil­di.