Ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň, birek-birege ynanyşmagyň we düşünişmegiň berkidilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. 25 ýyla golaý mundan ozal, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde türkmen döwletine halkara-hukuk derejäni alamatlandyrýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkidilen ýörite Kararnama biragyzdan kabul edildi. Şol şanly senäniň hormatyna hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2020-nji ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu karar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ýene bir gezek dabaralanmasynyň, Gahryman Arkadagymyzyň goldawy we başlangyçlary bilen döwlet derejesinde ösdürilýän ata-baba hoşniýetli goňşuçylyk, açyk gapylar ýörelgelerine ygrarly bolup galýandygynyň ykrar edilmesidir. Şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenip geçilýär. Bu şanly sene halkymyz üçin diňe bir uly baýramçylygy aňlatman, ol bize öz geçmişimize, saýlap alan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýymyza göz aýlamaga, halkymyz üçin Bitaraplygyň artykmaçlyklaryny, onuň sebitde, umuman, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezmäge mümkinçilik berýär. Çünki, Bitaraplyk parahatçylygyň gözbaşy, parahatçylyk bolsa abadançylygyň möhüm şertidir.
Hemişelik Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Hut şonuň üçin-de bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi türkmen döwletiniň Bitaraplygyna uly gyzyklanma bilen garaýar hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýöredilýän Bitaraplyk ýörelgelerine ýokary baha berýär. Ine, biz munuň hut şeýledigini 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny ikinji gezek ykrar etmek baradaky Kararnamany kabul etmeginde hem görýäris. 2017-nji ýylyň fewralynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi we milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa ata Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatyny maksada okgunly hem-de oýlanyşykly ýöredýändiginiň ykrarnamasyna öwrüldi.
Hakykatdan hem, Türkmenistan milli ýörelgelerimize mahsus bolan ynsanperwerlik syýasatymyzy gyşarnyksyz alyp barmak bilen diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine gönükdirilen syýasaty ýöretmän, eýsem sebit, bütindünýä ähmiýetli syýasy hem-de ykdysady amallary ýerine ýetirmäge nusgalyk meseleleri teklip edýär. Munuň aýdyň mysalyny milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan we gurulýan bütindünýä ähmiýetli gaz geçirijileriň, demir hem gara ýollaryň, portlaryň, zawoddyr fabrikleriň we beýleki desgalaryň gurlup ulanmaga berilmeginde görmek bolýar. Asyryň uly gurluşygy hasaplanýan «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlanandan soň, bu desga diňe bir Türkmenistana hyzmat edýän ykdysady bähbitli desga bolman, eýsem, şol gaz geçirijiniň geçýän ugrundaky sebitde halkyň bagtyýar ýaşaýşyny, durnukly ösüşini, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, syýasy ylalaşyklary üpjün edýän serişde hökmünde garalýandygyny hormatly Prezidentimiz nygtaýar.
«Goňşy – goňşynyň diregi» diýlişi ýaly, bu gün Türkmenistanyň öz goňşusy Owganystana edýän kömek-goldawyna diňe bir owgan halky däl, eýsem, bütin dünýäde ýokary baha berilýär. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýyny belende galdyrýar. Munuň özi parahatçylykly ýaşaýşyň hatyrasyna edilýän işlerdir. Muny biz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanda ganat ýaýyp uçup barýan akja kepderiniň, zeýtun agajynyň şahajyklarynyň ýerleşdirilmeginde hem görýäris. Zeýtun şahajygy parahatçylygyň nyşany hökmünde döwlet Baýdagymyzda hem ýerleşdirildi. «Ösüş arkaly parahatçylyk!» taglymatyna esaslanyp ösýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer, parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatynyň dabaralanýandygyny görkezýär.
Bu gün Diýarymyzyň her bir raýatynyň ýüreginde parahatçylygy kepillendirýän döwlet gurmakda nusgalyk işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz söýgi, alkyş bar. Goý, asylly başlangyçlary we beýik işleri bilen bütin dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, onuň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Täzegül Uteýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň hünärmeni.