Golaýda täze albomyny çykaran amerikaly meşhur aýdymçy Teýlor Swift “Billboard”-yň sanawynda taryhy rekord goýdy. 30 ýaşyndaky owadan aýdymçynyň “Billboard”-yň iň meşhur 100 aýdym sanawyna 113-nji aýdymy alyndy. Şeýlelikde, Swift 62 ýyllyk “Billboard 100”-üň sanawyna iň köp aýdymy alnan zenan aýdymçy bolmagy başardy.
24-nji iýulda hiç hili mahabatsyz, hatda duýdansyz ýagdaýda özüniň “Folklore” atly 8-nji albomyny çykaran Swift şol albom bilen başga-da birnäçe rekord goýupdy. Albomyň aýdymlary ilkinji hepdesinde 500 million gezek diňlenipdi. Häzirki wagtda ABŞ-da “Spotify”-yň sanawynyň ilkinji 10-lugyndaky ähli aýdymlar Swifte degişli bolup, “Apple Music”-iň sanawynda-da iň öňdäki orny eýeleýär. Onuň bu albomy diňe sanly ulgamda bolman, eýsem, albomyň CD hem-de plastinka görnüşleriniň-de 1,5 milliondan gowrak nusgasy satyldy.