Şu gün wideomaslahat görnüşinde geçirilen «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de koronawirus pandemiýasy zerarly, dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen ylalaşykly gatnaşyklaryň wajyp meseleleri girizildi.
Duşuşygyň barşynda bu köpugurly gatnaşyklaryň netijelidigi aýratyn bellenildi. Şol gatnaşyklar bolsa birek-birege hormat goýmak, raýdaşlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar.
Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, 2004-nji ýylda döredilen pursadyndan bäri ýokarda agzalan gatnaşyklar okgunly ösüşe eýe boldy. Onuň çäklerinde gepleşikleriň mowzugy ep-esli giňeldi. Häzirki wagtda ol sebit we ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga degişli wajyp meseleleri öz içine alýar.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda, dünýä bileleşiginiň täze howply ýokanja garşy göreşýän döwründe dünýäniň strategik taýdan möhüm ähmiýetli sebiti hökmünde Merkezi Aziýa döwletlerini we Ýaponiýany birleşdirýän gepleşikleriň şu görnüşi adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan çylşyrymly meselesini çözmekden daşda durup bilmez.
Häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmagyň ählumumy guralyny işläp taýýarlamagyň zerurlygyndan ugur almak bilen, pandemiýa garşy göreşmek işinde ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini işjeňleşdirmek maksada laýyk bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklary görnüşinde koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde gatnaşyjy döwletleriň raýdaşlyk işiniň esasy ýörelgelerini hem-de bu ýokanjyň döredýän keselleriniň öňüni almaga hem-de bejermäge gönükdirilen anyk çäreleri özünde birleşdirýän Maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.
Ýurdumyzyň adyndan şeýle hem ýapon tarapyna degişli Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda grant taslamasyny hödürlemäge taýýardygy üçin aýratyn hoşallyk sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, türkmen lukmanlary Ýaponiýanyň esasy hünärmenleri bilen geçirilen köpsanly köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn wideomaslahatlaryň barşynda alnan bilimlere we tejribä ýokary baha berýärler.
Duşuşyga gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň öňümizdäki 8-nji maslahatynyň gün tertibine üns berdiler. Hususan-da, gatnaşyjy döwletleriň howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň Konsepsiýasyny, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze Platformany işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň, ýokary tehnologiýalar ulgamynda özara gatnaşyklar meseleleri boýunça Ýol kartasyny, durmuş-medeni ulgamda hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyny taýýarlamagyň we ara alyp maslahatlaşmagyň mümkinçiliklerine garaldy.