SPD Kansler wezipesine öz da­laş­gä­ri­ni saý­lan il­kin­ji par­ti­ýa bol­dy.
2021-nji ýy­lyň aw­gust-okt­ýabr aý­la­ryn­da ýurt­da Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler.

Ger­ma­ni­ýa­nyň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň (SPD) we­kil­le­ri hä­zir­ki Ma­li­ýe mi­nist­ri we Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Wi­se-Kans­le­ri Olaf Şol­sy Kans­ler we­zi­pe­si­ne da­laş­gär hök­mün­de saý­la­dy­lar. Bu ba­ra­da «Deutsche Wel­le» ne­şi­ri 10-njy aw­gust­da ha­bar ber­di.
Olaf Şols 2021-nji ýy­lyň aw­gust-okt­ýabr aý­la­ryn­da ge­çi­ril­jek Par­la­ment saý­law­la­ry üçin SPD par­ti­ýa­sy­nyň sa­na­wy­nyň öňü­ni çe­ker. Şon­da Bun­des­ta­gyň 20-nji ça­gy­ry­şy­nyň ag­za­la­ry tä­ze Kans­le­ri saý­lar­lar. Par­ti­ýa­nyň egin­deş baş­ly­gy Zas­kiýa Es­ken saý­law­çy­lar­dan ynam bil­di­rmek­le­ri­ni ha­ýyş et­di we Şol­sy saý­la­mak ka­ra­ry­nyň ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di. Şeýlelikde, So­si­al-de­mok­rat­lar Kans­ler we­zi­pe­si­ne il­kin­ji bo­lup öz da­laş­gär­le­ri­ni saý­la­dy­lar. 2019-njy ýy­lyň iýun aýyn­da And­rea Na­les SPD-iň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den çekilenden soň, Olaf Şols par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­le­riň bi­ri diý­lip yg­lan edilip­di.
Öň­ki Par­la­ment saý­law­la­ry 2017-nji ýy­lyň güý­zün­de ge­çi­ril­di. Soň­ra 709-dan 246 or­ny mer­ke­zi sag­çy par­ti­ýa­la­ryň to­pa­ry – Hris­ti­an De­mok­ra­tik Bi­le­le­şi­gi (CDU) we Ba­wa­ri­ýa­da­ky Hris­ti­an So­si­al Bi­le­le­şi­gi (CSU) al­dy. SPD 152 orun al­dy. Ga­lan 310 orun gar­şy­daş par­ti­ýa geç­di. 2005-nji ýyl­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň fe­de­ral hö­kü­me­ti­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ni Hris­ti­an De­mok­ra­tik Bi­le­le­şi­gi­niň (CDU) ag­za­sy An­ge­la Mer­kel alyp bar­ýar. Ol 2018-nji ýyl­da par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­sin­den çekiljekdigini we 2021-nji ýyl­da Kans­ler saý­law­la­ry­na gat­naş­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy.