Wagtly-wagtynda uklamak adam saglygy üçin örän wajypdyr. Hünärmenler ukynyň adamyň diňe saglygyna peýdasy bolman, eýsem, şähdini hem açýandygyna ünsi çekýärler. Adatça, adam wagtynyň üçden birini uklap geçirýär. Eýsem, gowy uklamak üçin näme etmeli?!
Käbir adam ýadaw bolsa hem ýatyp bilmeýär. Näçe uklan hem bolsa, dynjyny alyp bilmeýän adamlaryň bolşy ýaly, az uky bilen oňňut edýänlerem tapylýar. Her kimiň uklaýan wagty tapawutly hem bolsa, saglyk üçin gündelik ortaça 7 sagatlyk ukynyň has peýdalydygy mälim edilýär. Geçirilen barlaglar gündelik 4 sagatdan az, 10 sagatdan köp bolan ukynyň adamyň ömrüne täsir edýändigini görkezdi. Wagtynda uklap bilmeýän ýa-da ukusy bölünip, mazaly dynç alyp bilmeýän adam günüň dowamynda ünssüz bolup, edýän işinde säwlik goýberip bilýär. Kadaly uklap bilmeýänler ýatmazdan 1-2 sagat öň suwuk zat içmeli däldir. Hünärmenler rahat uky üçin şu aşakdaky maslahatlary berýärler:
Her gün şol bir wagtda ýatmaly
Gündizine ýeterlik derejede açyk howada gezmeli.
Ýatmazdan öň ýuwunmak, dişiňi arassalamak ýaly işleri hem her gün şol bir wagtda ýerine ýetirmeli.
Wagty bilen ukyňyz gelmese (mysal üçin 20 minut) ýeriňizden turup, başga otaga gidiň! Telewizor, telefon we şoňa meňzeş zatdan başga bir zada güýmeniň! Ukyňyz gelenden soňra gaýtadan ýeriňize geçiň!
Sagada seretmek endigiňiz bar bolsa, ony taşlajak boluň! Zerur bolmasa sagada seretmäň!
Gündizki uky hem gije ukusyzlyga sebäp bolup bilýär. Gündiz gaty ýadasaňyz az-kem irkiliň. 15:00-dan soňra ýatmaň!
Ýatylýan otagyňyz garaňky, salkyn we asuda bolmaly.
Yzygiderli maşkyň hem rahat uka peýdasy köp. Emma bu hereketler ýatmazdan 3-5 sagat ozal ýerine ýetirilen bolmaly.
Telewizor, telefon, kompýuter ýaly ähli elektron enjamlary ýatmazdan iki sagat öň öçüriň!