Birmeňzeş agaç bölejiklerini örmek arkaly oýnalýan jenga iň gyzykly oýunlaryň biridir. Köplük bolup oýnalýan bu oýunda ilki agaç bölejiklerinden diň ýasamaly. Dörtburç şekilli uzyn agaçlary üç-üçden, üst-üstüne, her setirini beýlekisiniň keseligine ýerleşdirmeli. Diň tamamlanandan soňra oýunçylar sagat diliniň ugruna görä aşaky agaç bölejiklerinden birini ünslülik bilen çekip, ony diňiň üstüne ýerleşdirmeli. Oýnuň esasy şerti ellän tagtajygyňy almaly we ony diňe bir eliň bilen çekmeli. Şeýlelikde, dik sütüniň aralary açylyp başlaýar. Haýsy oýunçy tagta bölegini çeken ýa-da ýerleşdiren wagty ýykylsa, şol hem ýeňilýär. ABŞ-nyň Arizona ştatynyň ýaşaýjysy bu tagtajyklar arkaly has täsin rekord goýdy. Tai Star Walianti atly adam 485 jenga bölegini dik duran bir tagtajygyň üstüne ýerleşdirdi. Şeýlelikde, Walianti öz rekordyny täzeledi. Walianti geçen ýyl 353 jengany dikligine ýerleşdirmegi başarypdy. Rekordsmen jengalary başaşak piramida görnüşde düzmek üçin iki sagat wagt sarp etdi.