Sport bilen meşgullanmak, maşk etmek özüňizi sagdyn duýmaga we şähdiňiziň açyk bolmagyna alyp barar. Fiziki we ruhy taýdan peýdasy köp bolan maşklaryň ýene bir peýdasynyň bardygy ýüze çykaryldy.
Alymlar maşklaryň beden saglygy üçin peýdalydygyny köp ýyl bäri bilýärler. Ýaňy-ýakynda bolsa, maşklaryň beýnimiz üçin hem peýdalydygyna göz ýetirdiler. Munuň sebäbi, maşk edenden soňra ganda ýüze çykýan belok bilen baglanyşyklydyr. Maşk ýerine ýetirilenden soňra, beýniniň ýat merkezinde täze nerw öýjükleriniň döreýändigi anyklandy. Geçirilen barlaglara görä, maşk bedende yzygiderli himiki täsirleşmeleri döredýär. Bu barlag maşkyň ornuny iýmitiň, dermanyň ýa-da başga bir zadyň tutmaýandygyny görkezdi. Şeýle hem geçirilen barlaglar maşk edýän çagalaryň ünsüni jemlemäge, öwrenmäge ukyplydygyny we rahat uklaýandygyny görkezýär.
Akyl we beden saglygyna kömek edýändigi subut edilen maşk baradaky ylmy gözlegleri ABŞ-nyň Wirjiniýa ştatynyň alymlary geçirdi. Olar 6 ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky 35 müň çaganyň üstünde barlag geçirdiler. Yzygiderli maşk etmeýän çagalar aladaçyl bolýandyklary hem anyklandy. Hepdede azyndan 1-3 gün maşk eden çagalarda saglygy bilen bagly meseleleriň ep-esli azalýandygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem gözlegler, netije almak üçin haýsy maşk bilen meşgullanmagyň möhüm däldigini görkezdi.
Golaýda iňlis alymlary hem şeýle barlagy geçirdiler. 12-16 ýaş aralygyndaky çagalaryň arasynda geçirilen barlagda her gün pyýada ýöreýänleriň ýa-da ýeňil öý işleri bilen meşgullanýanlaryň has sagdyndygy ýüze çykaryldy.