Özbegistanyň Kokand şäherinde uly bolmadyk hem-de amatly bahadan satyljak elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligi üçin awtoulag kärhanasynyň gurluşygyna girişildi. «Forbes» žurnalynyň özbek redaksiýasynyň habar bermegine görä, zawod 30 müň inedördül metr meýdanda gurlar. Munuň üçin 30 million dollar möçberinde maýa goýumyň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Öňümizdäki ýyllarda bu kärhanada ykjam elektroulaglar öndüriler. Çaklamalara görä, bu ulaglaryň bahasynyň 3 müň dollara deň boljakdygy mälim edilýär. Olar ýurduň içerki bazarynda hem-de daşary ýurt bazarlarynda satylar.