«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek syýasatyndan ugur alyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly özgertmelere eýe boldy.

Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­la­ry we mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak, yk­dy­sa­dy kuw­wat­ly­ly­gy ber­kit­mek, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň bank ul­ga­myn­da hem uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri döw­let ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe taý­dan gol­da­mak­ly­gyň esa­sy mak­sat­la­ry oba ho­ja­ly­gy­na in­no­wa­si­ýa­la­ry, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan, şol san­da ýer­den re­je­li peý­da­lan­mak­dan, ula­nyl­ma­ýan ýer­le­ri öz­leş­dir­mek­den we ýur­du­myz­da da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni hem-de ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­mak­dan, oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak­dan, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek­den hem-de oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň gir­de­ji­le­ri­ni art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2018-nji ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň 12-si­ne çy­ka­ran «Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri ma­li­ýe taý­dan gol­da­mak ha­kyn­da» Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň karz eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li şert­ler­de karz­lar be­ril­ýär. Ýe­ňil­lik­li karz­la­ryň be­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we et­rap­la­ryn­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Kä­ren­de­çi­le­re oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny, gu­ral­la­ry­ny we ab­zal­la­ry­ny sa­tyn al­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­dil­ýär. Eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da su­wy tyg­şyt­ly ulan­mak mak­sa­dy bi­len dam­ja­la­ýyn we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ry­lan usul­lar­da su­wa­ryş ul­gam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, mal­dar­çy­ly­gy we guş­çu­ly­gy ös­dür­mek, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek, ola­ry sak­la­mak, gaý­ta­dan iş­le­mek tas­la­ma­la­ry ma­li­ýe­leş­di­ril­ýär. Bu tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy esa­syn­da ýer­ler­de tä­ze iş orun­la­ry, ýur­du­my­zyň ba­zar­la­ryn­da azyk ha­ryt­la­ryň we gök önüm­le­riň bol­çu­ly­gy dö­re­dil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li do­wam et­dir­mek, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýer­leş­dir­mek, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni has-da art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar, kä­ren­de­çi­ler­den we daý­han ho­ja­lyk­lar­dan şert­na­ma esa­syn­da önüm­çi­lik­de ge­rek bo­lan çig mal, gök we bak­ja önüm­le­ri­ni sa­tyn al­mak­ly­ga karz eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ýe­ňil­lik­li şert­ler­de karz­lar be­ril­ýär. Bu karz­la­ryň aý­ra­tyn­ly­gy kär­ha­na bi­len kä­ren­de­çi­niň ara­syn­da­ky öza­ra ha­sap­la­şyk­la­ryň nagt däl gör­nü­şin­de, kä­ren­de­çi­niň ady­na açy­lan bank kart­la­ry­nyň üs­ti bi­len ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi­dir. Bu usul­da ha­sap­la­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi kär­ha­na­nyň gün­de­lik işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­ýar, kä­ren­de­çä bol­sa gün­de­lik ge­rek bol­ýan ha­ra­jat­la­ry üçin ha­sap­la­şyk­la­ry bank kart­la­ry­nyň üs­ti bi­len nagt däl gör­nü­şin­de ama­la aşy­ryl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ka­bul eden Mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­rün­de, Türk­me­nis­ta­nyň karz eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ile­ri tu­tu­lyp ös­dü­ril­ýän pu­dak­la­ry­ny karz se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek do­wam et­di­ril­ýär. Goý, Gah­ry­man Ar­kada­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun! Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň uly ösüş­le­re eýe bol­ma­gy ug­run­da alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç al­syn!

Çü­ri Çü­ri­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­nis­tan» DTB-niň «Büz­me­ýin» şa­ham­ça­sy­nyň Karz­laş­dy­ryş we ha­sa­bat bö­lü­mi­niň baş hü­när­me­ni.