Atoll: ummanlarda merjen galyndylaryndan dörän halka görnüşli adalar. Bu tropiki adalaryň ortasynda uly bolmadyk köl hem-de aýlag bolýar. Halka görnüşli ada bilen açyk deňiz darajyk akaba arkaly birigýär.
Bender: deňiz, derýa ýakasyndaky gämi duralgasy, port.
Älem: gäminiň gitmeli ugruny görkezmek üçin goýulýan bellik.
Gaýyk: suwda, köplenç, kürek ýa-da motor bilen herekete getirilýän uly bolmadyk ulag serişdesi.
Gämi: ýolagçy, ýük we ş.m. zatlary daşamak üçin ulanylýan suw ulagy.
Darga: deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämini çekýän adam. Ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam; gämiçi.
Labyr: açyk suwda duran wagty gämini we beýleki ýüzüş serişdesini belli bir ýerde saklamak üçin niýetlenen demir enjam. Gämä zynjyr bilen berkidilen labyryň saklaýyş güýji öz agramynyň 10 essesine barabar bolýar. Uly gämilerde agramy 17 tonna ýetýän labyr bolýar.
Lemmer: suwuň kenara urup, yzyna serpilmegi.
Liman: derýanyň suwuny guýýan ýerini ajy suw basmagy netijesinde döreýän ýalpak aýlag.