Yk­ly­myň iň uly klub ýa­ry­şy­na 1971–1972 möw­sü­min­de 32 ýur­da we­kil­çi­lik ed­ýän 33 to­par gat­naş­ýar. Ozal­ky­lar ýa­ly utu­lan-çyk­dy oýun­la­ry esa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da çem­pi­on üýt­ge­me­ýär. Ýo­han Kroýff we onuň ýol­daş­la­ry tä­lim­çi­le­ri ça­lyş­ylsa-da, «to­tal» fut­bo­lynyň mi­we­si­ni yz­ly-yzy­na 2-nji ge­zek al­ma­gy ba­şar­ýar­lar.

1-nji tap­gyr­da 2 ýyl ozal­ky çem­pi­on «Fe­ýe­noord» Kip­riň «Olim­pia­kos» to­pa­ryny 8–0 we 9–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­ýär. 1-nji du­şu­şyk­da Şo­en­ma­kers, 2-nji oýun­da Is­ra­el het-trik ed­ýär. Soň­ky çem­pi­on «Aýak­sa» öz meý­dan­ça­syn­da ga­za­nan ýeň­şi ýe­ter­lik bol­ýar. Dres­de­niň «Di­na­mo­sy­ny» Swart we Kei­ze­riň gol­la­ry bi­len 2–0 ýe­ňen «Aýaks» jo­gap oý­nun­da gol­suz deň­me-deň oý­na­ýar. «Ar­se­nal», «Grass­hop­per», «Ben­fi­ka» ýa­ly klub­lar 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça, uly ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, ýa­ry­şy do­wam et­dir­ýär­ler. Ita­li­ýa­nyň çem­pio­ny «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da Maz­zo­la, Faç­çet­ti, Ža­ir ýa­ly ýyl­dyz­la­ry­nyň gol ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da AEK-i 4–1 ut­ýar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen jo­gap oý­nun­da «In­ter» 3–2 ýe­ňil­se-de, 2-nji tap­gy­ra ýol­lan­ma al­ýar.

2-nji tap­gyr ni­der­land to­par­la­ry üçin ýe­ňil geç­ýär. «Aýaks» «Mar­se­li» 2–1, 4–1 şeý­le-de, «Fe­ýe­noord» «Di­na­mo Bu­ha­res­ti» 2–0, 3–0 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Du­şu­şyk­lar­da Ýo­han Kroýff 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar. Edil «Ar­se­nal» hem «Fe­ýe­noord» ýa­ly «Grass­hop­pe­ri» 2–0 we 3–0 ha­sap­lar bi­len ut­ýar. Şol ýyl­la­ryň güýç­li klub­la­ryn­dan «Sel­tik» Mal­ta­nyň we­ki­li «Slie­ma Wan­de­rer­si» 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 7–1 ýeň­ýär. 2-nji tap­gy­ryň iň ýat­da ga­lan oý­ny «Bo­rus­si­ýa M» bi­len «In­te­riň» ara­syn­da bol­ýar. Ne­mes klu­by 1-nji oýun­da 7–1 ýeň­ýär. Ýö­ne jan­kö­ýer­le­riň meý­dan­ça zat zyň­ma­gyn­dan soň, du­şu­şyk tä­ze­den oý­nal­ma­ly edil­ýär. «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da 4–2 ha­sa­byn­da ut­ýar. Gaý­ta­dan oý­na­lan jo­gap oý­nun­da ha­sap açyl­ma­ýar we ital­ýan to­pa­ry çär­ýek fi­na­la çyk­ýar.

Çär­ýek fi­nal­da «Aýaks» iň­lis klu­by «Ar­se­na­ly» öz meý­dan­ça­syn­da G. Müh­re­niň gol­la­ry bi­len 2–1 ýeň­ýär. Kroýff we ýol­daş­la­ry Lon­don­dan hem ýe­ňiş bi­len do­lan­ýar (1–0). «Fe­ýe­noord» öz meý­dan­ça­syn­da «Ben­fi­ka­ny» 1–0 ut­ýar, ýö­ne jo­gap oý­nun­da 5–1 ýeň­lip, ýa­ry­şy bes et­me­li bol­ýar. «Ben­fi­ka­nyň» gol­la­ry­ny Ne­ne (3) we Žor­dao (2) der­we­zä gi­riz­ýär. «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Stan­dard Lie­ži» Žai­riň ýe­ke-täk go­ly bi­len 1–0 ýeň­ýär, ýö­ne Bel­gi­ýa­da 2–1 ýe­ňil­ýär. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, myh­man­çy­lyk­da ge­çi­ri­len gol «In­te­ri» ýa­rym fi­na­la çy­kar­ýar. Wen­ger to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da 2–1 ýe­ňip, öz meý­dan­ça­syn­da-da deň­me-deň oý­nan «Sel­tik» 3-nji ge­zek ýa­rym fi­na­la çyk­ýar.

4 oýun­da 1 gol ge­çi­ril­ýär
Ýa­rym fi­nal­da oý­na­lan 4 du­şu­şyk­da 1 gol ha­sa­ba alyn­ýar. Şol ýe­ke-täk go­ly hem «Aýaks»—«Ben­fi­ka» du­şu­şy­gyn­da ams­ter­dam­ly­la­ryň ýyl­dy­zy Je­saia Swart der­we­zä gi­riz­ýär. Por­tu­ga­li­ýa­da oý­na­lan jo­gap du­şu­şy­gy gol­suz geç­ýär. «In­ter» bi­len «Sel­tik» to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky 2 oýun­da-da ha­sap açyl­ma­ýar. Ýe­ňi­ji­ni pe­nal­ti ur­gu­la­ry kes­git­le­ýär we 5–4 öňe saý­la­nan «In­ter» 4-nji sa­par fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­ýar.

«Total»—«Katenaççio»: 2–0
«Aýaks» bi­len «In­te­riň» ara­syn­da­ky fi­nal du­şu­şy­gy Ni­der­land­la­ryň iri şä­he­ri Rot­ter­dam­da­ky «De Ku­ip» sta­dio­nyn­da oý­nal­ýar. 1972-nji ýy­lyň 31-nji ma­ýyn­da­ky bu oý­na 61 354 jan­kö­ýer to­ma­şa ed­ýär we oýun­da fran­si­ýa­ly emin Ro­bert Elie jür­le­wük çal­ýar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oý­nuň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­ýar. 2-nji ýa­rym­da-da ýer­li «Aýaks» eze­li bäs­de­şi «Fe­ýe­no­or­dyň» meý­dan­ça­syn­da su­per ýyl­dy­zy Ýo­han Kroýf­fuň 47-nji hem-de 78-nji mi­nut­da­ky gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da, «to­tal» fut­boly «ka­te­naç­çio» fut­bo­ly­ny 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­ýär. Şun­luk­da, «Bar­se­lo­na» gi­den Ri­nus Mi­çel­siň or­nu­na bel­le­nen ru­my­ni­ýa­ly tä­lim­çi Şte­fa­n Ko­wa­çyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da «Aýaks» bas­syr 2-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­ýar. «Aýaks» bu ku­bo­gy «Re­al Mad­rid», «Ben­fi­ka» hem-de «In­ter­den» soň, yz­ly-yzy­na ga­za­nan 4-nji to­par bol­ýar.