27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Ýurdumyzyň çäklerini we oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen bagly mejlise welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri hem çagyryldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alyp barýan işler barada hasabat berdiler.

KIBERHOWPSUZLYK BOÝUNÇA MAKSATNAMA

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynyň alyp barýan işleri hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna» laýyklykda, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugyna kiberhowpsuzlygyň önümçiliginde ulanyljak tehniki serişdeleri hem-de programma üpjünçiliklerini barlamak hem-de sertifikasiýalaşdyrmak işlerini ýola goýmak wezipesi tabşyryldy.

Ýurdumyzyň çäginde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçilikleriniň hem-de tehniki serişdeleriň sertifikasiýalaşdyrylmagyny talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, gullugyň merkezi edarasynda kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini açmak teklip edilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, täze tehnologiýalaryň, elektron hyzmatlaryň jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bu teklibi, umuman, makullap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa degişli wise-premýerler bilen bilelikde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.